Müňýyllyk: 2-nji müňýyllyk
Asyrlar: 16-njy asyr · 17-nji asyr · 18-nji asyr
Onýyllyklar: 1600ýý 1610ýý 1620ýý 1630ýý 1640ýý
1650ýý 1660ýý 1670ýý 1680ýý 1690ýý
Kategoriýalar: Dünýä inenlerAradan çykanlar
Gurlan döwletlerSynan döwletler


Wakalar we ykdysadyýet

düzet

1602-nji ýyl: Horezmiň hany Hajymuhammet hanyň ölümi.

1602-1621-nji ýyllarda Arapmuhammet hanyň Hywada hanlyk sürmegi. Onuň kakasy Hajymuhammet han. Arapmuhammet hanyň höküm süren döwründe Horezmde gazaply gandöküşikli feodalçylyk uruşlary bolupdyr. Şol uruşlara türkmen han-begleri we taýpalary köpçülikleýin gatnaşypdyrlar. Ol uruşlar Horezmi we bütin Orta Aziýany Rus döwleti bilen baglanyşdyrýan söwda ýo llaryny, ýer-suwy, syýasy häkimiýeti eýelemek maksady bilen alnyp barlypdyr.

1606-njy ýyl-Garajaoglanyň (şahyr) dünýä inmegi.

1606 - njy ýylda Žitwatorok şertnamasy.

1623-1642-nji ýyllar: Ispendiýar hanyň dolandyrmagynda Hywa hanlygy. Ispendiýar han Türkmen atly goşunynyň güýjüne daýanyp häkimiýeti berkitmegi.

1626-njy ýyl: Hindistanyň türkmen hökümdary bolan Abdyrahym Baýram han oglynyň ölümi.

1645-nji ýyl: Çingiz hanyň neslinden bolan Abylgazynyň Hywada häkimiýet başyna geçmegi. Netije-de Hywada özbek feodallarynyň agalygy dikeldilipdir.

1545-1546-njy ýyllarda Abylgazy han türkmenleriň soňuna çykmak hakyndaky syýasaty we alyp baran işleri.

1646-njy ýyl: Abylgazy Bahadur hanyň Hywa tûrkmenlerini ähtiýalanlykda hezzet-hormat bildirip gije olaryň 200-den gowragyny öldürtmegi. Diri galan az sanly türkmenleriň günorta Türkmenistana gelmekleri.

1646-njy ýyl: Gyş aýynda Abylgazy Bahadyr hanyň Tejen türkmenleriniň üstüne talaňçylyk bilen dökülmegi we olary gyrgyna bermekligi. Şondan soň Tejen türkmenleriniň bir topary Mara we Ahala tarap süýşüp gelmekleri.

1648-nji ýyl: Abylgazy Bahadyr han Ahaldaky türkmenleriň üstüne uly ýörüş etmegi. Şol wagtlar Abylgazy hanyň zulmyndan gaçyp gelen türkmenleriň uly topary Bamy we Börme töweregine ýygnanyşmaklary.

1645 - njy ýylda: Krit adasy Osman türkmenleri tarapyndan basylyp alyndy.

1651-nji ýyl: Dünýäniň iň uzak çeken söwei bolan üç ýüz otuz bäş ýyllyk söweşi başlandy.

1651-nji ýylda: Abylgazy Bahadur han Demirgazyk Etrek çöllerinde çarwaçylyk edýän türkmenleriň üstüne çozmagy. Onuň türkmen obalaryndan birnäçe olja we ýesir almaklygy.

1653-nji ýylda Abylgazy Bahadur han ýene-de Ahalyň üstüne ýörüş edip Goçatanyň ýanyndaky Ýemrelileriň birentek obasyny tozdurmagy.

1653-nji ýylda Abylgazy Bahadyr hanyň Dynar guýusynyň golaýynda oturan Salyrlaryň obasyny talamagy.

1553一1654-nji ýyllara (başlanan wagty 1648-nji ý) çeken birnäçe uruşlaryň netijesinde Abylgazy han Türkmenleri boýun egdirip bilmezligi.

1661-nji ýyl一Abylgazy Bahadyr han一«Şejereýi Teräkime» atly Türkmenleriň şejere kitabyny ýazyp tamamlady.

1663-nji ýyl: Ukraina, Osman türkmenleriniň hemaýatyna girdi.

1664-nji ýylㄧS. Gotthard ýeňişi we Osman türkmenleriniň ýeňilmegi.

1669-njy ýyl一Krit adasy Osman türkmenleri tarapyndan basylyp alyndy.

1676一1681-nji ýyllar一Osmanly-Rus söweşi bolup geçdi.

1679-njy ýyl: Garajaoglanyň (şahyr) ölümi.

1683-nji ýyl: Wiýana gabawy.

1687-nji ýyl: Mohaç ýeňişi.

1691-nji ýyl: Salankamen ýeňişi.

1695-nji ýyl: Goýun adalary ýeňşi.

1695-nji ýyl: Döwletmämmet Azady dünýä indi. Ol Garrygalada, Etrek, Gürgen sebitlerinde ýaşap geçen.

1699-njy ýyl: Karlofça şertnamasy baglaşyldy. Osman imperiýasy durgunlyk ýagdaýynda saklandy.

Möhüm şahsyýetler

düzet
  • Abulgazy Bahadur han
  • Arapmuhammet
  • Keymir serdar
  • Abbas I
  • Garry han

Oýlap tapyşlar, açyşlar, täzelikler

düzet
  NODES