Abdulmejit
Hüküm sürdi: 2 Iýul 1839 – 26 Iýun 1861
Özünden öň Mahmyt II Osmanly
Özünden soň Abdulaziz
Ogullary: Myrat V, Abdulhamid II, Mehmet V, Mehmet VI
Hökümdarlygy: Osmanly hökümdarlygy
Kakasy: Mahmyt II Osmanly
Ejesi: Bezmiälem soltan
Doguldy 25.04.1823. Stambul
Öldi: 26.06.1861 (38 ýaş) Stambul
Dini: Yslam
Doly ady: Abdulmejit han bin Mahmyt han El-Muzaffer hemişe.
Abdulmejit
Abdülmejid (25 aprel 1823, Stambul –26 Iýun 1861, Stambul), 31-nji Osmanly patyşasy we 110-njy Yslam halyfydyr. Mahmyt II Osmanlynyň, Bezmiälem soltanyň ogludyr. Döwründe Tanzimat permanyny etmegi bilen meşhurlyk gazandy. Günbatar medeniýeti bilen terbiýelenindi. Fransuzça gowy gürleşdi we günbatar sazlaryny diňläp köňlüne aram salardy. Kakasy Mahmyt II Osmanly ýaly täzelikçidi. Kakasynyň ölüminden soň tagta çykdy. Abdulmejidiň tagta çykyşy uly hormat bilen garşy alyndy. Mustapa Reşit, Mehmet Emin Aly Paşşa, Fuat paşşa ýaly egindeşleri bolupdyr. Soltanlygy wagtynda iň köp tutujylaryň oppozisiýaçylar (garşydaş) bilen garşylaşdy. Soltan Abdulmejit daşary ýurtdan alan karz pullarynyň bir bölegine saraý we köşkleri gurdurdy. Dolmabakja saraýy (1853), Beýkoz Kasry (1855), Kiçisuw kasry (1857), Edirne-Meriç köprüsi (1847), Mejidiýe mesjidi (1849), Teşwikiýe mesjidi (1854), Hyrkaýy Şerif mesjidi (1851) döwrüniň başlangyç saldyran binalarydyr. Bezmiälem Walide Soltan Gureba hassahanasyny gurdurdy (1845-1846) Täze Galata Köprüsi bilen şol ýyl ulanylmaga berildi.
Hökümdarlygy
düzet1839-njy ýylyň 1-njy Iýulynda tagta çykdy. Öň Müsür problemmasyny Nizip ýeňilmegi (24 Iýun 1839) bilen çykma ýagdaýda-dy. Kakasynyň jynazasy wagtynda başwekil Mehmet Emin Rauf paşşadan patyşanyň möhrüni zorluk bilen alan, Mejlisi Walaýy Ahkamy Adliýe baştutany Goja Mehmet Hüsrew paşşa, özüni Sadrazam yglan etdirdi (2 Iýul 1839) Heniz Nizip bozgunlygyndan habary bolmadyk patyşa, problemmany çözmek üçin goşuna bu hereketi saklamaklyk üçin habar ugratdy. Müsür baştutany Kawalaly Mehmet Aly Paşşany bagyşlandygyny we düşünişmek isländigini bildirmek üçin jenap Köse Akifi Müsüre ugratdy. Şol wagt hem duşman hasaplan Hüsrew paşşanyň sadarata gelmeginden gorkan Kapitan Derýa Ahmet Fewzi paşşany Müsüre äkidip Mehmet Aly Paşşa tabşyrdy (3 Iýul 1839). Nizip ýeňlişiniň habary Stambula ýaýrady. Birleşen Karollyk (Angliýa), Fransiýa, Russiýa, Awstriýa we Prussiýa ýurtlarynyň beren ortalyk bir kararlary bilen Müsür problemmasynyň özleriniň gatnaşmagy bilen çözülmekligini islediler (27 Iýul 1838). Bu karar kabul edildi. Şeýdip Osmanly döwleti, Ýewropa döwletleriniň maslahaty astyna girip başlady.
Tanzimat permany
düzetLondon we Parižde Osmanly hökümdarlygynyň taýýarlyklary ugrynda duşuşyklarda bolan haryjy naziri Mustapa Reşit paşşa, bir programmanyň gerekdigi hakynda patyşany ynandyrdy. Taýýarlanan Gülhana Hatty Humaýunu (Hatty Şerif ýa-da Tanzimat permany) Mustapa Reşit paşşa tarapyndan 3-nji Noÿabrda Gülhanada okaldy. Tanzimat döwrüni açan bu karar bilen, sud edilmän, subutnamasyz hiç kimi jezalandyrylmajakdygyny, mal we mülkiniň zorluk bilen elinden alynmazlygy hakynda durlup geçilipdir.
Tanzimatdan soňky ýagdaýlar
düzetDöwletiň çar tarapynda başlanan täzeleşme düzgünleri, garşylaşylan wakalar sebäpli islegler ýerine ýetirmedi. Abdulmejit wagtal-wagtal tutujylary wezipelendirmäge mejbur boldy. Döwlet işleriniň başa barmazlygy (Olanaksızlıklar) sebäpli täzeden Iltizam dolandyryjylygyna gaýdyp bardy. 1840-njy ýylda Kaimeýi mutebere ady bilen ilkinji kagyz pul çykaryldy. Döwler işleriniň düzgüne getirilen wagtlarynda hem Birleşen Karollyk (Angliýa) we Fransiýa ikisiniň birleşmegi bilen çaknyşyklary, küşgirilen Siriýa we Libiýada Dürziler bilen Maruniler arasyndaky pitneler ýüze çykdy (1845) 1848-nji ýyllarda Awstriýa garşy garaşsyzlygy bermezlik söweşine getiren Wenger (Hungary) ýurtsöýenleri Türkiýa sygyndy. Baby Alynyň Awstriýa we Russiýanyň basgysyny serpikdirip bilmändigi Ýewropada Osmanly hökümdarlygynyň abraýyny giderdi. Eflak we Bogdanada ýaňsylanma bilen aýaga galan tolgunyşyk, Iňlisler bilen başlan Baltalimany şertnamasy bilen (1 Maý 1849) soňlandy.
Krym söweşi
düzetÝewropa döwletleriniň döwlet işlerine goşulup-garyşmagyny halamaýanlar, patyşany we hökümet erkanyny öldürip Abdulazizi tagta çykarmak üçin aýaga galdylar. Kuleli Wakasy bilen başlanan aýaga galynşykda (14 Sentýabr 1859) käbir baştutanlar jezalandyryldy. Söweşleriň dowamlylygyny garşylamak üçin agyr ýagdaýda alynan karz pullar hazyna uly ýüki, patyşanyň we saraýyň birugsat harçlanmagy gitdigiçe agyrlaşýardy. Döwlet, Krym söweşi wagtynda ilkinji gezek daşary ýurtdan karz almaga mejbur galypdyr (24 Awgust 1854). Şondan soňam ikinji (1855), üçünji (1858), dördünji (1860), gezek gaýtalandy. Begogly sarraflaryndan alynan karzlar hem 80 million altyn lira ýetdi. Birleşen Karollygy (Angliýa), Fransiýa, Awstriýa, Prussiýa we Russiýa Baby Ala bir dokument hat (not) berip Islahat Permanynda agzalyp geçilen kararlarynyň ýola goýulmagyny islediler (Oktýabr 1859).
Ölümi
düzetOsmanly döwletiniň soňky dört patyşanyň kakasy bolup, iň köp sanly ogullary tarapyndan patyşalygy dolandyrylan, Osmanly patyşasy bolan [1] Abdulmejit, kakasy ýaly Inçekesele (tüberküloza) sezewar bolup syrkawlaýar. Ihlamur Kasrynda 38 ýaşynyň içinde öldi. Fatihde Soltan Selim sebtinde Ýowuz Selim mesjidinde, Soltan Abdulmejit Türbesinde depin edildi.
Maşgalasy
düzetAýallary:
1. Serwet-seza ilkinji hatyn.
2. Şewk-efza Walide Soltan: Sultan Myradyň ejesi we ikinji hatyn.
3. Hoşýar Ikinji hatyn.
4. Tiri Müjgan Walide Soltan: Üçünji katyn Abdulhamit II ejesi.
5. Werdi Jenan Üçünji hatyn.
6. Güljemal hatyn Dördünji hatyn.
7. Rahime Perestu Walide Soltan: Dördünji hatyn.
8. Gülistu (Gülistan) Dördünji hatyn.
9. Düzdi Dil Üçünji hatyn.
10. Bezmi (Bezmara) Altınjy hatyn.
11. Mahytab Bäşinji hatyn.
Terbiýeçileri
1. Yyldyz Hanym
Ogullary
1. Myrat V
Gyzlary:
1. Fatma Soltan
2. Refia Soltan
Çeşmeler
düzet1. ^ Ahmet Cevdet Paşa (Sadeleştiren: Yusuf Halaçoğlu) (2010) Sultan Abdülhamid'e Arzlar (Ma'rûzât),İstanbul:Babiali Kültür Yayıncılığı, ISBN 978-9944-118-95-8,s.45 (türkçe)
Sakaogly, Nejdet (1999). Bu Mülküň Soltanlary. Stambul. ISBN 875-329-299-6. sah.436-453
Kinross, Lord (1977). The Ottoman Centuries. Stambul. Sander Kitap öýi. ISBN 0-224-01379-8. (Iňlisçe)