Bedene häzirki wagtda dünýäniñ köp ýerinde et we ýumurtga öndürmek üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Bedenäniñ ýumurtgasy towugyñ ýumurtgasyndan ha ýokumlydyr. Bedenäniñ eti özüniñ tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Bedene etinde A, B1, B2 witaminleriñ mikroelementleriñ mukdary köp. Onuñ etiniñ ýüzden ýigrimi iki bölegini proteýin tutýar, ýüzden üç bölegini ýag tutýar. Şu sebäpli bedenäniñ eti ýokumlylygy bilen has tapawutlanýar. Umumy agramy towugyñ bir ýumurtgasyna deñ bolan bedenäniñ bäş ýumurtgasynda fosfor we kaliý 5 esse, demir 4,5 esse köpdür. Bedene ýumurtgasynda towugyñ ýumurtgasyna garanyñda A, B witaminleriñ, misiñ we kobaltyñ mukdary hem has köpdür. Bedenäniñ çig ýumurtgasy ýaşaýşa ukyplylygy ýokarlandyrýar. Bedene ýumurtgasyny, esasan, gan-damar we dem alyş ulgamynyñ keselleri, aşgazan we içege ýarasy, iýmit siñdiriş bozulmaagy, demgysma, öýken sowuklamasy ýaly, birnäçe kesellerde ulanmak maslahat berilýär.

  NODES