Gýustaw Flober

(1821-1880)

Meşhur fransuz ýazyjysy Gýustaw Flober Fransiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Ruan şäherinde dünýä inipdir we çagalyk hem ýetginjeklik ýyllaryny şonuň ýaly kiçeňräk şäherçelerde geçiripdir. 1840-njy ýylda ol Pariž uniwersitetiniň hukuk hünärine okuwa girýär, emma 1843-nji ýylda okuwy taşlaýar. 1851-nji ýylda Flober özüniň ilkinji romanyny ýazyp başlaýar. Bu eseri 1856-njy ýylda «Hanym Bowari» ady bilen çap edileninden soň ýazyja uly şöhrat getirýär. Üstünlik gazanan ýazyjy indiki eserini ýazmak üçin Demirgazyk Afrika syýahat edýär, Gadymy Karfageniň taryhyny öwrenýär. Netijede, ol «Salambo»(1862) atly taryhy romanyny döredipdir.

1869-njy ýylda Gýustaw Floberiň «Duýgylaryň terbiýesi» atly üçünji romany çap edilýär. Bu eserde ýazyjy öz döwrüniň syýasy hem jemgyýetçilik nogsanlyklaryny açyp görkezmek isläpdir. Ýazyjy her bir romanynyň üstünde bäş-alty ýyllap işläpdir, eseriň her bir sözlemini, her bir jümlesini kämillige ýetirjek bolupdyr. Gýustaw Flober birnäçe zehinli ýazyjylara, şol sanda-da Gi De Mopassan, Edmon Abu ýaly belli kyssaçylara halypalyk edipdir. Ol Wiktor Gýugo, Žorž Sand, Iwan Turgenew ýaly dünýä belli ýazyjylar bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr.

1877-nji ýylda Floberiň «Sada göwünli», «Irodiada», «Keramatly Ýulian hakda rowaýat» powestleri Parižiň iň belli žurnallarynda çap edilýär. Ýazyjy «Buwar we Pekýuşe» atly soňky romanyny tamamlap ýetişmändir, emma onuň ahyryny arhiwde galan garalamalar boýunça göz öňüne getirip bolýar. 1880-nji ýylda, Kruasse diýen ýerde ýazyjynyň ömür tanapy kesilýär.

Gýustaw Floberiň döredijiligi Ýewropa edebiýatynyň ösüş ýoluna örän uly täsir ýetirdi. Edebiýatçylar Gýustaw Floberi edebiýatyň modernizm we naturalizm akymlarynyň «atasy» hasaplaýarlar.

  NODES
os 1