Gazzaly-Gazzalynyň döredijiligi


GAZZALY (450-505/1058-1111)


GAZZALY (450-505/1058-1111) Gazzalynyň döwrüne gysgaça syn Gazzalynyň ýaşap geçen XI asyr (hijretiň V asyry) syýasy, ylmy we dini jähtden ysam medeniýetiniň çür depä baryp ýeten döwri hökmünde kabul edilipdir. Çünki şol asyra çenli bolup geçen syýasy özgermeler netijesinde musulman medeniýetiniň düzüminde özüne doly orun tapan filosofiýa, kelam we tasawwuf ýaly ylmy pudaklaryň düýbi tutulypdyr we uly sistema öwrülipdir. Beýleki bir tarapdan, tebigy we takyk ylymlardan astronomiýa, matematika we medisina pudaklarynda juda önjeýli işler baha ýetmez derejede ähmiýete eýe bolupdyr. Şol döwrüň iň ähmiýetli syýasy hadysalary seljuklylaryň üstünlikleri, ýagny musulman medeniýetinde türkmen taýpalarynyň hökümrowam bolmaga başlan we musulman dininiň ygtykadyny öňe sürmekde bitiren hyzmatlary, Müsürde fatymylar tarapyndan goldaw tapan “batyny” hereketler we hristian birliginiň beýany kabul edilen musulmanlara garşy guralan haçly ýörişleridir. Beýleki bir tarapdan ähli sünnet akydasynyň batynylar we beýleki ýeretik mezhepler bilen çekeleşikli we dartgynly ýagdaý, munuň netijesinde sünnsligiň musulman medeniýetinde möhüm orun eýeläp giňden ýaýramaklygy hem şol döwrüň esasy hadysalary hökmünde kabul edilipdir. Hususan-da şol asyrda amala aşyrylan medeni häsiýetli işleri, Bagdatda “Nyzamyl Mülküň esaslandyran “Nyzamyýa” medresesi uly rowaçlyga eýe bolupdyr. Nyşapurda we beýleki möhüm ylym ojaklarynda şuňa meňzeş medreseleriň düýbi tutulypdyr. Bu medreseler ähli sünnet akydasyna garşy bolan ýeretik akymlara garşy sünni akydany gorap çykyş etmekde we dürli-dürli gatlaklaryň arasyndan giňden ýaýratmakda ähmiýetli orna eýe bolupdyr. Bu babatda Ibn Sinanyň ýaşan döwrüne çenli, musulman medeniýetine kelam bilen filosofiýanyň arasynda görnetin ylalaşdyrma esaslanýan synanyşyk bolmandyr. Bu babatda Farabynyň juda oňat tanalmandygy we filosofiýa garşy çykylyp oňaýsyz çemeleşilmegi ähmiýetli bolan bolmagy mümkin. Ilkinji terjime edilen eserlerden bäri grek medeniýetiniň kelamçylara ýetiren täsiri mesemälim ýüze çykypdyr. Emma mütekelliminiň usuly bilen filosoflaryň (feläsifeniň) usulynyň arasyndaky tapawutlyk bu hili ylalaşdyrmanyň göz öňüne getirilmegine mümkinçilik bermändir. Ynha, ilkinji gezek Ibn Sina filosofiki prinsiplere wepadarlygy saýasynda olary musulman dininiň esaslary bilen ylalaşdyrmaklyga synanyşyk edipdir, bu ugurda Farabydan hem has artygrak alada etmek bilen, imanyň bähbidine boljak sintezi (terkibi) öňe sürüpdir. Emma bu babatdaky mesele Ibn Sinanyň aradan çykandan, takmynan, çärýek asyr soň dünýä inen Gazzaly tarapyndan düýpli seljerilipdir we iň kämil görnüşde çözgütler teklip edilipdir. 1091-nji ýylda (hijretiň 484-nji ýylynda) Bagdatdaky “Nyzamyýa” medresesiniň baştutanlygyna Gazzaly bellenilipdir. Ol “el-Munkyz mined-zalal” atly eserinde döwrüniň ylmy durgunlygyndan we oňşuksyzlyklaryndan zeýrenipdir, diniň adyna bularyň aradan aýrylmagy üçin ähli gujur gaýraty bilen iş alyp barypdyr. Gazzaly zamanasynyň kelamçylary (mütekellimler), batynylar, sopular (sufiýýe), Pifagorçy filosofiýa we täze platonçylyk, aristotelçilik ýaly ähli ähmiýetli garaýşa gulluk edýän hereketler bilen arabaglnyşygy ýola goýupdyr, olary mümkin bolan ölçegler esasynda gözden geçiripdir. Kelamyň musulman akydasyny goramak we goldamak ugrunda uly alada edilýän döwürde, mütekelliminiň delillerini ýeterlik hasaplamandyr, olaryň akyl arkaly gazanmakçy bolan mäkäm, berk imana tasawwufyň hödürlän çuňňur tejribesi arkaly ýetmegi meýilleşdiripdir. “Gazzalydan öň gündogarda esasy özeni grek filosofiýanyň emele getirendigine garamazdan filosofiki sistemasna tutuşlaýyn gönüden-göni gapma-garşy çykyş etmek bilen umumy garaýyş bilen çykyş eden we düýpli geçirilen ylmy işe esaslanyp hüjüm eden alym bolmandyr.” Gysgaça aýdylanda XI asyrda Gazzalynyň köpugurly we giňden tanalan işleri, musulman medeniýetiniň her bir meýdanynda täsirini mälim edipdir. Ol güýçli filosofiki tankytçysy bolmak bilen bir hatarda, sistematik kelamçy, fakyh, maksady jähtden tasawwufa aralaşyp şol ýerde ymykly ornaşan musulman akyldarlaryndan biri hökmünde tanalypdyr. Bu ýerde onuň esasy pikirlerine degilip geçilmek arkaly mesele düşündirmek bilen çäkleniler.


Mazmuny

düzet

Edebiýat

Bellikler

düzet

Çeşmeler

düzet

commons: Gazzaly

  NODES