Napoleon Hill (26 noýabr 1883-8 noýabr 1970) Amerikaly ýazyjy we şahsy-üstünlük neşirleriň ilkinji ýazyjylaryndandyr. Iň tanalan eseri Think and Grow Riçh (Oýlan we Baýa) ähli döwüriň iň köp satan kitaplardan biridir.

Durmuş hekaýasyny ýazanlara görä Hill Virjinya Wise County'nyň Pound şäherçesinde iki otagly bir külbede garyplyk içinde dünýä indi. Ejese, Hill 10 ýaşyndaka aradan çykýar, kakasy iki ýyl soňra gaýtadan öýlenýär.

13 ýaşynda kiçi şäherçe gazeti "Mountain Reporter"da ýazmana başlaýar. Hukuk okamak üçin habarçylygyndan gazananjalaryny ulandy emma ekonomik ýagdaýy ýetersizligi sebäpli goýbolsun etdi. Önümçi we wagtynyň iň baý adamlaryndan biri bolan Andrew Carnegie bilen görüşmesi Hilliň karýerindäki öwrüm nokady boldy. Tanymal adamlar bilen bolan duşuşygynyň bir bölegi bolan bu duşuşukda Hill, Carnegieniň üstünlüginiň aňsat bir formulasyny düşündürip biljekdigini we hemme adamlar tarapyndan hem ulanylyp biljekdigine ynanandygyny ýüze çykardy.

Hilliň alan referans hatlary bilen 500, üsrünlük gazanan we köpüsi millioner bolan erkek we aýallar bilen üstünlügiň formulasyny ýüze çykarmak we köpçülige ýetirmek üçin duşuşyklar geçirdi.

Hilliň gözleglerinde duşuşan tanymal adamlaryň arasynda Thomas Edison, Alexander Graham Bell, George Eastman, Henry Ford, Elmer Gates, John D. Rockefeller,Charles M. Schwab, F.W. Woolworth, William Wrigley Jr., John Wanamaker, William Jennings Bryan, Theodore Roosevelt, William H. Taft, Woodrow Wilson, Charles Allen Ward we Jennings Randolph dagy bardy. Bu proýekti ýigrimi ýyldan gowurak wagt sürdi we 1928de "The Law of Success" ady bilen kitaplaşdyryldy.

1937de Hill üstünlük formulasynyň häli häzirem çap edilýän we otuz milliondan köp satylan "Think and Grow Rich" atly kitabynda düşündüriş geçdi

Kitaplary:

· Think and Grow Rich

· How to Sell Your Way through Life

· The Law of Success

· Success Through a Positive Mental Attitude

· You Can Work Your Own Miracles

· Napoleon Hill's keys to success

  NODES