Suw ýetmezçiligi
Suw ýetmezçiligi – bu içimlik suw resurslarynyň azalmagyna we oňa bolan talabyň köpelmegine aýdylýar. Bu hadysa dünýäniň her bir künjegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär[1]. Bu 2015-nji ýylda esaslandyrylan Bütindünýä ykdysady forumy tarapyndan adamazat ýaşaýşynyň iň uly meseleleriniň biri diýip kabul edildi. Bu forumda bellenip geçilişi ýaly, suw ýetmezçiligi geljekki birnäçe ýyllaryň dowamynda adamzat ýaşaýşyna özuniň global howpyny salýar. Dünýaniň birnäçe künjeklerinde içimlik suwyň ýetmezçilik etmegi, hil taýdan peselmegi we onuň mukadarynyň azalmagy, ulanyjylaryň arasyndaky dawalaryň ýüze çykmagy, ýerasty suwlaryň boşamagy muňa aýdyň şaýatlyk etýärler. Bu hadysalaryň ählisi daşky gurşawa özüniň negatiw täsirlerini ýetirýärler[2]. Häzirki wagtda dünýäniň üçden bir bölek ilaty (2 milliarddan gowrak adam) suw ýetmezçilik şertlerinde ýaşaýarlar, ýagny olara her ýylyň bir aýyna suw ýetmeýär. Her ýylyň dowamynda ýarym milliarda golaý adam suw ýetmezçilik hadysasyna duçar bolýarlar. Häzirki wagtda dünýäniň ägirt uly şäherleriň ýarysy bu hadysany başdan geçirýär.
Dünýädäki umumy suw resurslarynyň diňe 0,014% içimlik suwa ýaramly we elýeterli. Galan 97%-i şor, a 3%-den azyragy bolsa almasy kyn bolan suwlar. Maglumatlara görä, içimlik suw ýeterlik derejede bar[3]. Emma, bar bolan suw resurslarynyň ýer ýüzünde birsydyrgyn paýlanmadygy, ýa-da klimatyň üýtgemegi esasynda birnäçe geografiki regionlaryň aşa guraklaşmagy ýa-da suwlaryň agdyklyk etmegi netijesinde adamzat suw krizisina duçar bolýar. Mundan başgada soňky ýyllaryň dowamynda senagat önümçiligi güýçli depginler bilen ösýär. Bu bolsa ýer ýüzündäki suw resurslarynyň azalmagyna özüniň oňyn tasirini ýetirýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, eger-de häzirki tendensiýa dowam eden ýagdaýynda, 2030-njy ýyla çenli suwa bolan islegiň 40%-e golaý artmagy garaşylýar[2].
Häzirki wagtda suw ýetmezçiligine birnäçe faktorlar sebäp bolup durýarlar. Ilat sanynyň artmagy, adamlaryň ýaşaýyş durmuşynyň kämilleşmegi, suw serişdeleriniň aşa peýdalanylmagy we suwarymly ekerançylyk ýerleriniň artmagy suw serişdelerine bolan talabynyň köpelmegine esas bolup durýarlar. Klimatyň we howa şertleriniň üýtgemegi (şol sanda gurakçylyk we suw joşgunlary), tokaýlaryň köpçilikleýin çapylmagy, daşky gurşawyň hapalanmagy, parnik gazlarynyň täsiri we suw serişdeleriniň bisarpa peýdalanylmagy hem muňa aýdyň mysal bolup durýarlar[4]. Umuman alanyňda, bütin dünýädaki ähli suw resurslaryny jemläniňde, adamlaryň häzirki talaplaryny ýerine ýetirip biljek derejede suw bar, emma dünýäniň her bir künjeginde, her bir wagtda suwa bolan talap üýtgeşik, ýagny bir kontinentde ilatyň sany agdyklyk etýän bolsa, başga bir kontinentde örän az, ýa-da belli bir ýerde wagtyň geçmegi bilen ilat sany artyp biler, we hut şu ýagdaýlar suw ýetmezçilik meselesini gozgap bilerler. Suw ýetmezçiliginiň ähli sebäpleri adamlaryň suw dolanşygyna etýän täsiri bilen baglanşyklydyr. Suw ýetmezçiligi wagtyň geçmegi bilen tebigatyň gidrologiki şertleriniň üýtgemegi netijesinde hem özgerip biler, ýöne ýurtlaryň suw serişlerinden peýdalanyşy we dolandyryşy, ýagny ýurtlaryň ykdysady syýasaty muňa ýokary derejede özüniň täsirini ýetirýär. Geljekde ykdysatyýetiň güýçli depginler bilen ösmegi netijesinde suw ýetmezçiliginiň hasda artmagyna garaşylýar, emma sonuň bilen birlikde, bu meseleler köpçilikleýin ara alyp maslahatlaşylan ýadgaýynda, onuň birnaçe sebäpleriniň öňüni almak bolar, hatda olaryň birnäçesine çözgüt tapsa bolar[5].
Birnäçe ýurtlar suw serişdeleriniň aşa peýdalanmagy ykdysady osüş bilen bagly däldigini subut etdiler. Meselem, Awstraliýada 2001-2009-njy ýyllaryň aralygynda suw serişdelerine bolan talap 40%-e çenli azaldy, oňa garamazdan şol möwsümde ýurdyň ekonomikasy 30%-den gowrak ýokarlandy. BMG-nyň tebigy resurslar boyunça Halkara toparynyň aýtmagyna görä, mälim bolşy ýaly, birnäçe döwletler praktiki taýdan ähmiýetsiz taslamalara ep-esli pul çykarýarlar[6]. Bentler, kanallar, suw geçirijiler, turboprowodlar we suw howdanlary ýaly ägirt uly proýektlar muňa aýdyň mysal bolup bilerler we bu agzalyp geçilen taslamalar ekologiki taýdan durumsyz we ykdysady taýdan ähmiýetsiz hasaplanylýar. Hünärmenleriň pikirine görä, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmagynyň ähmiýetli çözgüdi bu, haçanda hökümet suw resurslaryndan rejeli peýdalanmak barada bütewi meýilnama çykaran ýagdaýynda, ýagny doly derejede suw dolanşygyny nazara alýan: suwyň gözbaşyndan başlap ulanyjylara paýlanyşyna çenli, işläp taýýarlamasyny, suw dolanşygyny, ulanylan suwlary gaýtadan işlenmegini we olaryň daşky gurşawa akdyrylmagyny göz astynda saklan ýagadaýynda suw ýetmezçilik howpynyň öňüni alsa bolar[7].
Suw resurslarynyň zapasy we oňa bolan talap
düzetPlanetamyzdaky almasy aňsat bolan içimlik suwlaryň, ýagny ýeriň ýüzündäki suwlaryň (derýalar we köller) we ýerasty suwlaryň umumy jemi 14.000 kub kilometre barabar. Şu bar bolan umumy möçberden adamalar diňe 5.000 kub kilometre golaýyny peýdalanýarlar we gaýtadan işleýärler. Diýmek, görkezilen netijelere görä, ýer ýüzündäki häzirki ilat sanynyň, ýagny 7 milliard adamyň talabyny üpjün edil biljek içimlik suw resurslary bar. Hatda eger-de planetanyň ilat sany 9 milliard ýa-da ondan köp bolandada suw resurslar ýeterlik derejede bar. Emma planetanyň käbir kontinentlerinde we ol ýeriň ýaşaýjylary suw resurslarynyň geografiki taýdan deň paýlanmadygy we esasan hem olaryň bisarpa ulanylýanlygy netijesinde suw ýetmezçiligine duçar bolýarlar[2].
Suw ýetmezçiligi birinji bilen, suwyň oba-hajolygynda, maladrçylykda we önümçilik senagatynda giňişleýin peýdalanylýanlygy bilen baglanşykly. Aýratynam, ösen ýurtlaryň ýaşaýjylary beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylaryna garanyňda 10 esse köp suw peýdalanýarlar. Emma, umuman alanyňda, suw resurslarynyň ummasyz möçberi oba-hojalynda, ýagny ir-iýmişleri, bakja we däneli ekinleri we pagtany ýetişdirmek üçin we önümçilik senagatynda peýadalanylýar. Iýmit zynjyrynyň globallaşdyrylmagyna görä, ösen yurtlar özleriniň önümçilik kuwwatyny ýaýbanlandyrýarlar we şonuň netijesinde şol ýurtlarda suw resurslary aşa köp peýdalanylýar[8].
Suw ýetmezçiliginiň görnüşleri
düzetSuw ýetmezçiligine aşakdaky iki sany mehanizm sebäp bolup biler:
- fiziki taýdan (doly derejede) suwuň ýetmezçiligi
- ekonomiki taýdan suwuň ýetmezçiligi[9]
Fiziki taýdan suw ýetmezçiligi diýip – haçanda belli bir çäklerde tebigy suw resurslarynyň azlygy esasynda ýüze çykýan suw ýetmezçiligine aýdylýar, a ekonomiki suw ýetmezçiligi bolsa, ýeterlik derejede bar bolan suw resurslaryndan bisarpa peýdalanmagy esasynda ýüze çykmagyna aýdylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş programmasynyň maglumatlaryna laýyklykda, birnäçe ýurtlarda we sebitlerde gündelik hojalyk işlerine, önümçilige, oba-hojalygyna we daşky gurşawa ýeterlik derejede suw bar, emma şol resurslary gerekli ýerine eltmek üçin serişdeleriň ýoklygy esasynda suw ýetmezçiligine duçar bolýarlar[6]. Esasan şu mesele soňky wagtlarda has ýiti duýulýar. Häzirki wagtda dünýäniň bäşden bir bölek ilaty suw resurslarynyň fiziki taýdan ýetmezçiligi şerlerinde ýaşaýarlar, ýagny şol ýurtlarda we sebitlerde adamyň gündelik durmuşyna gerek bolan suw serişdeleri ýetmeýär, hat-da ol ýerlerde ekosistemanyň ähmiýetli dolanşygynada ýeterlik derejede suw ýok. Gurak sebitler suw ýetmezçiliginden hasda ejir çekýärler. Käbir sebitlerde suw resurslary köp ýaly görnüp, gidrotehniki infrastrukturalarynyň suwaryş işleri üçin kämilleşdirilen ýagdaýynda hem suw ýetmezçiligi ýüze çykyp bilýär. Fiziki suw ýetmezçiligine daşky gurşawyň zaýalanmagy, ýerasty suwlaryň azalmagy, we şonuň sanda suwdan aşa köp peýdalanmagy gönüden-göni täsir edip bilýär[10].
Ekonomiki taýdan suw ýetmezçiligine derýadan we kölden suw almak üçin suw desgalaryna we tehnologiýalaryna maýa goýumlarynyň göýberilmeýänligi we ýerasty suwlardan ýa-da beýleki suw resurslaryndan adamlaryň peýdalanyp bilmäge mümkinçilikleriniň ýoklugy sebäp bolup durýarlar. Dünýäniň dörtden bir ilatyna ekonomiki suw ýetmezçiligi täsir etýär. Käbir ýurtlarda suw desgalarynyň ýoklygy sebäpli adamlar içimlik suwy daşdan getirmeli bolýarlar, ýa-da derýalaryň hapa suwuny gündelik durmuş ýa-da oba-hojalyk üçin ulanmaly bolýarlar. Bularyň ählisi ekonomiki suw ýetmezçiligine degişli. Afrikanyň aglaba bölegi suwuň ekonomiki ýetmezçiligine duçar bolýarlar, we şol sebitlerde suw desgalarynyň kämilleşdirilmegi garyplygyň möçberini peseltmäge kömek edip bilerdi[3]. Hut birnäçe döwletler gurak şertlerde ýaşaýanlygy sebäpli ykdysady we syýasy taýdan yza galýarlar, we şonuň sanda şol ýerleriň ýaşaýyş şertleri hem örän pes. Ösen ýurtlarda suw resurslaryndan peýdalanma JIÖ (Jemi Içerki Önüm) bilen birlikde adam başyna düşýän möçberi artýar, ortaça alanyňda günde adam başyna 200-300 litr. Gowşak ösen ýurtlarda (meselem, Mozambik ýaly Afrika ýurtlarynda) ortaça bir gije-gündizde adama başyna düşýän içimlik suwuň möçberi 10 litrden hem az. Bu Halkara guramalaryň berýän görkezmelerinden az, ýagny minimum günde 20 litr suw adam başyna (kir ýuwmak üçin gerek bolan suwdan daşary). Suwa bolan talabyň köplemegi adam başyna düşýän girdeýji bilen baglanşykly, ýagny JIÖ-niň peselmegine getirip bilýär. Suw ýetmezçiliginden ejir çekýän yurtlarda, suw spekulýasiýanyň (söwda-satygyň) esasy predmeti bolup durýar[11].
Suw resurslaryndan peýdalanmaga adamlaryň hukugy
düzetBirleşen Milletler Guramasanyň Ykdysady, Sosial we Medeniýet işleri boyunça Komiteti suw resurslaryny goramak barada bäş sany esasdan ybarat bolan kanun kabul etdi. Kanuna laýyklykda, her bir adamyň ýeterlik, howpsuz, fiziki taýdan elýeterli, gündelik we sahsy durmuşuna ýeterlik derejede suwa hukugy bardyr[12].
2000-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynda ekonomiki suw ýetmezçiliginiň täsirlerine bagyşlanan Müňýyllygyň ösüş maksatlary atly sammit geçirilidi[14]. Ol sammitda suw ýetmezçiligi meselesine halkara möçberinde garap geçmeginiň zerurdygyny belläp geçdiler. Şol wagta çenli olar “Müňýyllygyň ösüş maksatlary” atly maksatnamanyň esasyny düzdiler we Birleşen Milletler Guramasynyň 189 agzalarynyň ylalaşmagy esasynda sekiz sany netijä geldiler. Bu maksatnamyň çäklerinde 2015-nji ýylyň ortalaryna çenli suw ýetemzçiligi zerarly ejir çekýän ilatyň sanyny azaltmak barada 7 sany esasy maksatlary önünde sürüldi[13]. Bu bolsa 600 milliondan gowrak ilaty howpsyz elýeterli suw serişdeleri bilen üpjün etmegi aňlatýar. 2016-njy ýylda Durnukly Ösüş Maksatnamasyny “Müňýyllygyň ösüş maksatlary” atly maksatnama öwürdiler.
Daşky gurşawa täsiri
düzetSuw ýetmezçiligi daşky gurşawa we sol sanda köllere, derýalara, suwly-batgalyklara we beýleki süýji suw çeşmelerine ýeterlik derejede özüniň zyýanly täsirini ýetirýär. Suw ýetmezçiligi onuň aşa köp ulanylmagy netijesinde döreýär, esasan hem etraplarda yerleşýän ýygy suwarymly ýerler, daşky gurşawa dürli görnüşde zeper ýetirýär, Meselem, şorlanmak derejesiniň ýokarlanmagy, ýokumly maddalaryň zaýalanmagy, ýaplaryň ýa-da hanalaryň suwlarynyň çekilmegi we suwly-batgalyklaryň azalmagy. Mundan başgada suw ýetmezçiligi şäherli ilatlaryň ýaşaýyş dolanşygynda köp sanly meseleleriň döremegine sebäp bolýar[9].
Soňky ýüz ýylyň dowamynda Ýer ýüzüniň suwly-batgalyklarynyň ýarsyndan gowuragy gurady we ýok bolup gitdi. Bu suw batgalyklary diňe bir ýaşaýjylaryň ýa-da süýdemdirjileriň, guşlaryň, balyklaryň, ýerde we suwda ýaşaýanlaryň hem-de oňurgasyzlaryň otyrymly ýerleri bolman, eýsem olar şaly we beýleki azyk önümlerini ýetişdirmekde, suwy arrassalap geçirmekde, mundan başgada tupandan we suw joşgunlaryndan goranmakda giňden ulanylýar. Şeýle hem birnäçe Orta Aziýada ýerleşýän Aral deňzi ýaly köllere zeper ýetirildi. Ulylygy boýunça bäşinji ýerde durýan süýji suwly kölüň 58 000 km2 meýdany gurady we soňky üç onýyllygyň dowamynda suwynyň şorlanmak derejesi ep esli mukdarda artdy[8].
Relýefiň çökmegi ýa-da kem-kemden batmagy suw gytçylygynyň ýene bir netijesidir. Geologik gullugynyň habar bermegine görä Amerikanyň 45 ştatynda ýeriň çökme möçberi 17 000 kw/mile barabar bolup, onuň sebäbiniň 80%-di ýerasty suwlaryň çendenaşa ulanylmagy diýip habar berýär. Hýustanyň gündogarynda ýerleşýän birnäçe raýonlarda Tehas ştatynda ýeriň çökmegi, ýumrylmagy 9 futdan hem gowraga barabar bolupdyr. Tehas ştatynyň Brownwud şäheriniň Baytown şäherine golaý böleklerinde suwuň ýygy ýygydan joşmagy, ýerleriň çökmegi zerarly ýaşaýyş terk edildi we Baytowynyň tebigatynyň bir bölegi bolup galdy[10].
Klimatyň üýtgemegi
düzetSuwly gatlaklaryň suwlaryny gaýtadan işlemek we nasoslap çykarmak gidrosferada transpirasiýaň we bugarmalaryň täsiri astynda suwlaryň umumy mukdarynyň köpelmegine getirýär we onyň netijesinde suw buglary we bulut gatlaklary ýeriň atmosferasynda ilkinji infragyzyl söhle sorujylaryny döretýär. Bu sistema suwuň goşulmagy ýer yüzüniň beýleki sistemalaryna hem özüniň güýçli täsirini ýetirýär we anyk kesgitli gidrogeologik fakt heniz anyklanylmaýar[15].
Süýji suw çeşmeleriniň azalmagy
düzetDerýalar we köller, ýer asty suwlar we buzluklar, ýaly adaty suýji suw çeşmeleri süýji we arassa suwlaryň has giňden ýaýran gözbaşy bolup durýar. Ýerasty suwlar – bu ýeriň pes gatlaklaryndaky birleşýän suwlar bolup, belli bir mukdarda guýulary we suw çeşmelerini ýeterlik derjede suw bilen üpjün etýär. Şeýle hem ýerasty suwlaryň ýygnanýan ýerleri özleriniň suwly gorizontlary bilen hemmä mäilm bolup durýar. Garlaryň we buzluklaryň ermegi netijesinde süýji suwlara özleriniň sallamly goşantlaryny goşýarlar. Şeýle suw çeşmeleriniň mukdarynyň köpelmegi gündelik ulanylýan adaty suw çeşmeleriniň hapalanmagyna, guramagyna ýa-da klimatyň üýtgemegi ýaly hadysalaryň derejesini peselmegine ýardam edýär. Adamlaryň sanynyň güýçli depginde köpelmegi esasy faktorlaryň biri diýip hasaplanýar we suw çeşmeleriniň şeýle görnüşleriniň ulanylmagyna isleg arytýar[8].
Ýerastysuw
düzet2015-nji ýyla çenli ýerasty suwlary (suw çeşmeleri) gaty giňden ulanylmaýardy. 1960-njy ýylda ýerasty suw gatlaklarynyň köp bölegi agtarylyp tapyldy. Bilimiň, tehnologiýaň we maliýeleşdirmäň ösmegi, özgermegi netijesinde ýerasty suw çeşmeleriniň ýokary gatlaklaryndaky suwlardan peýdalanmagyň dürli usullary oýlanyp tapyldy. Şeýle özgerişlikler halkyň içinde “oba hojolyk ýerasty suw rewolýusiýa”, suwarymly meýdanlaryň giňeldilmegi, önüm öndürmekligiň we satuwa çykarmaklygyň mukdarynyň arytdyrylmagy ýaly birnäçe sepgitlere ýetmäge uly badalga berýär[1]. Ýerasty suwlary ýer ýüzindäki agyz suwlarynyň takmynan deň ýarysyny özünde jemleýär. Ýerasty suwlary saklaýan suw gatlaklarynyň köp bolegi guraklykda ýa-da sil gelende suwlary syzmakda uly ähmiýete eýedir. 2010 ýylda geçirilen barlaglara görä ýerasty suwlaryň ýer ýüzi boýunça mukdary takmynan ýyllyk 1,000 km3, suwarymly ýerler üçin 67%, gündelik ulanymlar üçin 22%, senagat maksatly ulanymlar üçin 11% – diýip hasaplanylýar. Ýerasty suwlary ulanmakda ilkinji onlyga girýän esasy ýurtlar, (Hindistan, Hytaý, ABŞ, Päkistan, Eýran, Bangladeş, Meksika, Saud Arabystan, Indoneziýa we Italiýa). Bu ýurtlar ýer ýüzi boýunça ulanylýan ýerasty suwlaryň 72% özlerinde jemleýärler[16]. Ýerasty suwlary Afrika we Aziýa sebitlerindäki garyp oba hojalyk ýerleriniň 1.2-den 1.5 milliarda golaýnyň ýaşaýşyny we gök önümlerini goramakda uly ähmiýete eýe boldy.
Ýerasty suw çeşmeleriniň giňden ulanylýandygna garamazdan esasy alada goýýan meseleleriň biri ýerasty suw çeşmeleriniň akyş tizliginiň ýa-da birnäçesiniň dolma derejesiniň üýtgemegi bolup durýar. Ýerasty suw çeşmelerinden ugryny üýtgetmeýän tezisler gerekli ýagdaýda gözegçilik edip ýa-da barlanyp durulmadyk ýagdaýynda gurap ýok bolup gitmegi ähtimal. Ýerasty suwlaryň azalmagynyň ýene bir meselesi suwyň hiliniň belle bir wagtyň dowamynda ýaramazlaşmagy diýlip hasap edilýär. Suwlaryň terse akyşynyň peselmegine, gorlarynyň azalmagyna, derejesiniň pese düşmegine we ýaramazlaşmagyna adatça ýerasty suw sistemalary arkaly gözegçilik edilýär. Ýerasty suwlaryň azalmagy köpsanly erbet netijelere getirmegi mümkin[17]. Mysal uçin: Suw çykarmaklygyň nyrhynyň ýokarlanmagy, şorlanma derejesiniň ýokarlanmagy, ýer gatlaklarynyň çökmegi, suw çeşmeleriniň zaýalanmagy, esasy suw akymlarynyň peselmegi we ş.m. Adamlaryň tebigaty hapalamaklary hem zerur suw resurslary üçin zyýanly bolup durýar[6].
Suwa baý bolan welaýatda uly bir suw zawodyny açmaklyk üçin bu zawod hokmany ýagdaýda ýerasty suw çeşmesinden onyň doluş derejesinden hem köp derejede peýdalanmaly bolýar. Hut şeýle ýagdaýlar hem ýerasty suw derejesiniň peselmegine uly zyýan ýetirýär. Ýerasty suwlar arassalanyýar, çüýşelere guýulýar soňra bolsa ýurduň ýa-da dünýäň dürli künjeklerine ugradylýar we bu suwlar hiç haçan dolanyp gelmeýär. Haçanda ýerasty suwlaryň derjesi zawoda gerekli derejeden pese düşende zawod başga bir welaýata geçirilýär we yzynda howply suw ýetmezçiligini galdyrýar[18]. Ýerasty suwlaryň azalmagy hemme kişa we hemme zada özüniň ýeterlik täsirini ýetirýär. Mysal üçin: fermalara, kärhanalara, haýwanlara, ekologiýa, syýahatçylyga we başga pudaklara. Adaty adamlar hem agyz suwy öz guýylaryndan alýarlar. Milýonlarça tonna suwlar ýerasty suwlar bilen deň-derejede birleşmegi netijesinde diňe bir sebitde bolman eýsem ýer ýüzüniň hemme suw gatlaklarynyň sazlaşygy esasynda öz duruklaryny saklaýarlar. Suw çykaryjy zawodlary gurmaklyk suw gytçylyklarynyň döremegine sebäp bolýar we ekologiýaň deňagramlylygyna erbet täsirini ýetirýär[13].
Buzluklar belli bir wagta çenli eremän duranlygy üçin ýaşaýşyň zerur suw çeşmesi diýilip hasap edilýär. Ýer ýüzünde tempraturanyň ýokarlanmagy buzluklaryň tiz ýagdaýda eremegine getirýär we munuň netijesinde ýer ýüzünde buzluklaryň näme sebäpden azalýandygyna göz ýetirmek bolýar. Buzlardan ereýän suwlar häzirki wagtda suw mukdarynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär ýöne buzluklaryň uzak wagtlaryň dowamynda ýok bolup gitmegi suw çeşmeleriniň azalmagyna getirip biler. Ýer ýüzünde gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagy zerarly ereýän suwlaryň mukdarynyň köpelmegi köllerde suw joşgunlary we tebigy betbagytçylyklara getirip biler[20].
Ölçeg
düzetBu günki günde gidrologlar adatça suwlara we olaryň ýerleşiş derjelerine seredip suw gytçylygyny kesgitleýärler. Olar muny 1 ýylky bar bolan suw çeşmeleriniň mukdaryny ýurduň ýada sebitiň ýaşaýjylary bilen deňeşdirmek arkaly ölçeýärler[21]. Suw ýetmezçiligini ölçemegiň ýönekeý görnüşleriniň biri-de döwletiň her bir raýatyna her ýylda düşýän suwyň möçberini anyklamak. Mysal üçin, suw ýetmezçiligini anyklaýaň Falkenmark atly enjamyň görkezmesi boýunça ýurtda ýa-da sebitde “suw ýetmezçiligi”, haçanda ýyllyk suw üpjünçiligi her adam üçin 1,700 kub metrden pese düşmeli. Her bir raýat üçin ýylda derejesi 1,700 den 1,000 kub metre barabar bolan ýagdaýynda wagta-wagtal ýa-da çäkli suw ýetmezçiligine garaşyp bolar. Haçanda suw üpjünçiliginiň bir raýata ýyllyk 1000 kub metrden pese düşen ýagdaýynda ýurt suw ýetmezçiligine sezewar bolýar[16]. BMG aýytmagyna görä 2025 ýylda 1,9 milliard ilat ýurtlarda ýa-da sebitlerde düýbünden suw ýetmezçiliginde ýaşar we ýer ýüzüniň ilatynyň 3 den 2 böleginiň esasy aladasy agyz suwy bolar diýip belleýär. Mundan başgada Bütündünýä bankynyň aýytmagyna görä, klimatyň üýtgemegi geljekde suwlaryň elýeterliginiň we ulanylşynyň düýpgöter üýtgetmegi mümkin we şol sanda suw ýetmezçiliginiň derejesiniň ýokarlanmagy ähli önümçilik pudaklary we sektorlary suwyň möçberine bagly bolup durar[4].
Suwyň azalmagyny ölçemegiň başga bir görnüşi, buda fizika arkaly suwyň tebigatda emele gelmegini öwrenmeklik we ýurtlarda suwuň ýagdaýyny deňeşdirmek bolup durýar. Bu görnüş suwyň zerur ýerlerinde ilaty elýeterli ýagdaýda suw bilen üpjün edip başarmaýar[7].
2007 ýylda suw çeşmeleri dolanşygynyň ýokary hilli bölegi diýip hasaplanyp, suw çeşmelerinden peýdalanýan ulanyjylara elýeterli bolar ýaly ýagdaýda ulanşyga gönükdürildi. Suw ýetmezçiligi “fiziki” we “ykdysady” toparlara bölünýär. Suwyň fiziki tarapdan ýetmezçiligi – bu nirde suwyň adamlar üçin azlyk etýän derejede we şol bir sanda ekosistemaň funksiýalaryna azlyk edýän derejesine barmagyna aýdylýar. Gurak welaýatlar ýygy-ýygydan suw ýetmezçiliginden kösenýärler. Bu ýagdaý şeýle hem suwyň bol ýöne suw çeşmeleriniň çendenaşa güýçlenmegi ýagdaýynda bolup geçýär. Mysal üçin, haçanda suwarymly ýerler üçin gidrotehniki infrastrukturada (önümçilige hyzmat edýän hojalyk pudaklarynyň kompleksi) çendenaşa güýçlenme bolup geçende. Suw ýetmezçiliginiň fiziki alamatlary daşky gurşawyň ýaramazlaşmagy we ýerasty suwlaryň azalmagyny hem öz içine alýar. Suw ýetmezçiligi janly-jandarlarada öz zyýanyny ýetirýär, sebäbi her bir janly organizm ýaşaýyş üçin suwa mätäç bolup durýar[10].
Süýji suw çeşmeleriniň gaýtadan işlenilmegi
düzetSüýji suwy gaýtadan işleniş möçberini ölçemek, suw ýetmezçiligini anyklamakda hem giňden ulanylýar. Bu görkeziji maglumatlar habar beriji diýip hasaplap, ol her bir ýurtda ýerleşýän suw çeşmeleriniň jeminiň elýeterliligini ölçemäge ukyply. Suwlaryň jeminiň elýeterliligini bilmek arkaly ýurdyň fiziki taýdan suw ýetmezçiliginden kösenýändigini görmek bolýar[22]. Bu ölçeýjiniň özüniň hem orataça ýalňyşlyklary bar. Meselem, bu görkeziji suw elýeterliliginiň adamlara, oba-hojalygyna, senagat pugaklaryna we hökümete düşýän paýyny ölçemäge ukyply däldir. Bu ölçeýjiniň ýer ýüzüniň hemme suw mukdaryny ölçeýändigine garamazdan, ol ýurdyň suw ýetmezçiliginden kösenýändigini ýa kösenmeýändigini dogry anyklap bilmeýär. Kanadada we Brazilýada suw üpjünçiligi ýokary derjede elýeterli bolmagyna garamazdan bu ýurtlar ozalky ýaly suw bilen baglanşykly dürli görnüşli meseleleri başdan geçirýärler[23].
Aziýanyň we Afrikanyň tropiki ýurtlarynda süýji suwuň elýeterliliginiň örän pes derejededigini belläp geçsek ýalňyşmarys.
Aşakdaky tablisada süýji suwyň yurtlar boýunça bir ýylda ortaça gaýtadan işlenişini, ýerüsti we ýerasty suwlaryň mukdaryny aýdyň görmek bolýar. Bu tablisada berlen maglumatlaryň köp bölegi faktlara esaslanmazdan, modelirleme ýa-da kesgitleme ýollary arkaly anyklanylýandygy aýdyň görmek bolýar[24].
Nomer | Ýurt | Ýyllyk suw resursyny
gaýtadan işlemek (km3/ýyl) |
Sebit | Ýyllyk baha | |
---|---|---|---|---|---|
1 | Kuweýt | 0.02 | Aziýa | 2008 | |
2 | Kitts we Newis Ştatlary | 0.02 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2000 | |
3 | Maldiw Adalary | 0.03 | Aziýa | 1999 | |
4 | Malta | 0.07 | Ýewropa | 2005 | |
5 | Antigua we Barbuda | 0.1 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2000 | |
6 | Katar | 0.1 | Aziýa | 2008 | |
7 | Barbados | 0.1 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2003 | |
8 | Bahreýin | 0.1 | Aziýa | 2008 | |
9 | Birleşen Arab Emirlikleri | 0.2 | Aziýa | 2008 | |
10 | Kabo-Werde | 0.3 | Afrika | 2005 | |
11 | Dubouti | 0.3 | Afrika | 2005 | |
12 | Kipr | 0.3 | Ýewropa | 2007 | |
13 | Liwiýa | 0.6 | Afrika | 2005 | |
14 | Singapur | 0.6 | Aziýa | 1975 | |
15 | Iýordaniýa | 0.9 | Aziýa | 2008 | |
16 | Komor Adalary | 1.2 | Afrika | 2005 | |
17 | Oman | 1.4 | Aziýa | 2008 | |
18 | Lýuksemburg | 1.6 | Ýewropa | 2007 | |
19 | Ysraýyl | 1.8 | Aziýa | 2008 | |
20 | Ýemen | 2.1 | Aziýa | 2008 | |
21 | Saud Arabystan | 2.4 | Aziýa | 2008 | |
22 | Mawrikiý | 2.8 | Afrika | 2005 | |
23 | Burundi | 3.6 | Afrika | 1987 | |
24 | Trinidad we Tobago | 3.8 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2000 | |
25 | Eswatini | 4.5 | Afrika | 1987 | |
26 | Liwan | 4.5 | Aziýa | 2008 | |
27 | Tunis | 4.6 | Afrika | 2005 | |
28 | Reýunýon | 5.0 | Afrika | 1988 | |
29 | Lesoto | 5.2 | Afrika | 1987 | |
30 | Eriteriýa | 6.3 | Afrika | 2001 | |
31 | Demirgazyk Makedoniýa | 6.4 | Ýewropa | 2001 | |
32 | Ermenistan | 7.8 | Öňki Sowet Soýuzy | 2008 | |
33 | Gambiýa | 8.0 | Afrika | 2005 | |
34 | Bruneý | 8.5 | Aziýa | 1999 | |
35 | Ýamaýka | 9.4 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2000 | |
36 | Ruanda | 9.5 | Afrika | 2005 | |
37 | Mawritaniýa | 11.4 | Afrika | 2005 | |
38 | Alžir | 11.6 | Afrika | 2005 | |
39 | Moldawiýa | 11.7 | Öňki Sowet Soýuzy | 1997 | |
40 | Estoniýa | 12.3 | Ýewropa | 2007 | |
41 | Estoniýa | 12.8 | Öňki Sowet Soýuzy | 1997 | |
42 | Gaiti | 14.0 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2000 | |
43 | Somali | 14.2 | Afrika | 2005 | |
44 | Botswana | 14.7 | Afrika | 2001 | |
45 | Togo | 14.7 | Afrika | 2001 | |
46 | Çehiýa Respublikasy | 16.0 | Ýewropa | 2007 | |
47 | Daniýa | 16.3 | Ýewropa | 2007 | |
48 | Siriýa | 16.8 | Aziýa | 2008 | |
49 | Malawi | 17.3 | Afrika | 2001 | |
50 | Burkina Faso | 17.5 | Afrikada | 2001 | |
51 | Namibiýa | 17.7 | Afrika | 2005 | |
52 | Beliz | 18.6 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2000 | |
53 | Zimbabwe | 20.0 | Afrika | 1987 | |
54 | Belgiýa | 20.0 | Ýewropa | 2007 | |
55 | Dominikan Respublikasy | 21.0 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2000 | |
56 | Litwa | 24.5 | Öňki Sowet Soyuzy | 2007 | |
57 | Salwador | 25.2 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2001 | |
58 | Rumyniýa | 25.7 | Ýewropa | 2007 | |
59 | Benin | 25.8 | Afrika | 2001 | |
60 | Ekwatorial Gwineýa | 26 | Afrika | 2001 | |
61 | Fiji | 28.6 | Okeýaniýa | 1987 | |
62 | Morokko | 29.0 | Afrika | 2005 | |
63 | Keniýa | 30.7 | Afrika | 2005 | |
64 | Gwineýa-Bisau | 31.0 | Afrika | 2005 | |
65 | Sloweniýa | 32.1 | Ýewropa | 2007 | |
66 | Nigeriýa | 33.7 | Afrika | 2005 | |
67 | Azerbaýjan | 34.7 | Öňki Sowet Soýuzy | 2008 | |
68 | Mongolýa | 34.8 | Aziýa | 1999 | |
69 | Bosniýa we Gersegowina | 37.5 | Ýewropa | 2003 | |
70 | Kuba | 38.1 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2000 | |
71 | Senegal | 39.4 | Afrika | 1987 | |
72 | Albaniýa | 41.7 | Ýewropa | 2001 | |
73 | Çad | 43.0 | Afrika | 1987 | |
74 | Solomon Adalary | 44.7 | Okeýaniýa | 1987 | |
75 | Gyzgyzystan | 46.5 | Öňki Sowet Soýuzy | 1997 | |
76 | Irlandiýa | 46.8 | Ýewropa | 2003 | |
77 | Günorta Afrika Respublikasy | 50.0 | Afrika | 2005 | |
78 | Şri-Lanka | 50.0 | Aziýa | 1999 | |
79 | Slowakiýa | 50.1 | Ýewropa | 2007 | |
80 | Gana | 53.2 | Afrika | 2001 | |
81 | Şwesariýa | 53.5 | Ýewropa | 2007 | |
82 | Belarussiýa | 58.0 | Öňki Sowet Soýuzy | 1997 | |
83 | Müsür | 58.3 | Afrika | 2005 | |
84 | Türkmenistan | 60.9 | Öňki Sowet Soýuzy | 1997 | |
85 | Polşa | 63.1 | Ýewropa | 2007 | |
86 | Gruziýa | 63.3 | Öňki Sowet Soýuzy | 2008 | |
87 | Sudan | 64.5 | Afrika | 2005 | |
88 | Owganystan | 65.0 | Aziýa | 1997 | |
89 | Uganda | 66.0 | Afrika | 2005 | |
90 | Taýwan | 67.0 | Aziýa | 2000 | |
91 | Koreýa Respublikasy | 69.7 | Aziýa | 1999 | |
92 | Gresiýa | 72.0 | Ýewropa | 2007 | |
93 | Özbekistan | 72.2 | Öňki Sowet Soýuzy | 2003 | |
94 | Portugaliýa | 73.6 | Ýewropa | 2007 | |
95 | Yrak | 75.6 | Aziýa | 2008 | |
96 | Demirgazyk Koreýa | 77.1 | Asia | 1999 | |
97 | Kot-d’Iwuar | 81 | Afrika | 2001 | |
98 | Awstraliýa | 84.0 | Ýewropa | 2007 | |
99 | Niderlandlar | 89.7 | Ýewropa | 2007 | |
100 | Tanzaniýa | 91 | Afrika | 2001 | |
101 | Butan | 95.0 | Aziýa | 1987 | |
102 | Gonduraz | 95.9 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2000 | |
103 | Täjigistan | 99.7 | Öňki Sowet Soýuzy | 1997 | |
104 | Mali | 100.0 | Afrika | 2005 | |
105 | Zambiýa | 105.2 | Afrika | 2001 | |
106 | Horwatiýa | 105.5 | Ýewropa | 1998 | |
107 | Bolgariýa | 107.2 | Ýewropa | 2010 | |
108 | Gazagystan | 109.6 | Öňki Sowet Soýuzy | 1997 | |
109 | Efiopiýa | 110.0 | Afrika | 1987 | |
110 | Finlýandiýa | 110.0 | Ýewropa | 2007 | |
111 | Ispaniýa | 111.1 | Ýewropa | 2007 | |
112 | Gwatemala | 111.3 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2000 | |
113 | Kosta-Rika | 112.4 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2000 | |
114 | Wengriýa | 116.4 | Ýewropa | 2007 | |
115 | Surinam | 122.0 | Günorta Amerika | 2003 | |
116 | Eýran | 137.5 | Aziýa | 2008 | |
117 | Urugwaý | 139.0 | Gunorta Amerika | 2000 | |
118 | Ukraina | 139.5 | Öňki Sowet Soýuzy | 1997 | |
119 | Merkezi Afrika Respublikasy | 144.4 | Afrika | 2005 | |
120 | Panama | 148.0 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2000 | |
121 | Serra Leone | 160.0 | Afrika | 1987 | |
122 | Gabon | 164.0 | Afrika | 1987 | |
123 | Islandiýa | 170.0 | Ýewropa | 2007 | |
124 | Italiýa | 175.0 | Ýewropa | 2007 | |
125 | Beýik Britaniýa | 175.3 | Ýewropa | 2007 | |
126 | Şwesiýa | 183.4 | Ýewropa | 2007 | |
127 | Angola | 184.0 | Afrika | 1987 | |
128 | Fransiýa | 186.3 | Ýewropa | 2007 | |
129 | Germaniýa | 188.0 | Ýewropa | 2007 | |
130 | Nikaragua | 196.7 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2000 | |
131 | Serbiýa-Çernogoriýa | 208.5 | Ýewropa | 2003 | |
132 | Nepal | 210.2 | Aziýa | 1999 | |
133 | Turkiýa | 213.6 | Aziýa | 2008 | |
134 | Mozambik | 217.1 | Afrika | 2005 | |
135 | Gwineýa | 226.0 | Afrika | 1987 | |
136 | Liberiýa | 232.0 | Afrika | 1987 | |
137 | Päkistan | 233.8 | Aziýa | 2003 | |
138 | Gaýana | 241.0 | Günorta Amerika | 2000 | |
139 | Kamerun | 285.5 | Afrika | 2003 | |
140 | Nigeriýa | 286.2 | Afrika | 2005 | |
141 | Laos | 333.6 | Aziýa | 2003 | |
142 | Paragwaý | 336.0 | Günorta Amerika | 2000 | |
143 | Awstraliýa | 336.1 | Okeýaniýa | 2005 | |
144 | Madagaskar | 337.0 | Afrika | 2005 | |
145 | Latwiýa | 337.3 | Öňki Sowet Soýuzy | 2007 | |
146 | Norwegiýa | 389.4 | Ýewropa | 2007 | |
147 | Täze Zelandiýa | 397.0 | Okeýaniýa | 1995 | |
148 | Taýland | 409.9 | Aziýa | 1999 | |
149 | Ýaponiýa | 430.0 | Aziýa | 1999 | |
150 | Ekwador | 432.0 | Günorta Amerika | 2000 | |
151 | Meksika | 457.2 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 2000 | |
152 | Kamboja | 476.1 | Aziýa | 1999 | |
153 | Filippinler | 479.0 | Aziýa | 1999 | |
154 | Malaziýa | 580.0 | Aziýa | 1999 | |
155 | Boliwiýa | 622.5 | Günorta Amerika | 2000 | |
156 | Papua Täze Gwineýa | 801.0 | Okeýaniýa | 1987 | |
157 | Argentina | 814.0 | Günorta Amerika | 2000 | |
158 | Kongo | 832.0 | Afrika | 1987 | |
159 | Wiýetnam | 891.2 | Aziýa | 1999 | |
160 | Çili | 922.0 | Günorta Amerika | 2000 | |
161 | Mýanmar | 1045.6 | Aziýa | 1999 | |
162 | Bangladeş | 1210.6 | Aziýa | 1999 | |
163 | Wenesuela | 1233.2 | Günorta Amerika | 2000 | |
164 | Kongo Demokratik Respublikasy (öň Zaire) | 1283 | Afrika | 2001 | |
165 | Hindistan | 1907.8 | Aziýa | 1999 | |
166 | Peru | 1913.0 | Günorta Amerika | 2000 | |
167 | Kalumbiýa | 2132.0 | Günorta Amerika | 2000 | |
168 | Hytaý | 2738.8 | Aziýa | 2008 | |
169 | Indoneziýa | 2838.0 | Aziýa | 1999 | |
170 | Amerikanyň Birleşen Ştatlary | 3069.0 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 1985 | |
171 | Kanada | 3300.0 | Demirgazyk we Merkezi Amerika | 1985 | |
172 | Russiýa | 4498.0 | Öňki Sowet Soýuzy | 1997 | |
173 | Braziliýa | 8233.0 | Günorta Amerika | 2000 |
Suw ýetmezçilik howpunyň ýokarlanmagy
düzetÝer ýüzünüň adamlarynyň her altydan biri suw meselesine duçar bolýa, beýle diýmeklik olarda agyz suwynyň elýeterli ýagdaýda ýoklygyny aňladýar. Ýer ýüzünde şeýle suw gytçylygyna sezewar bolýan adamlaryň sany 1,1 milliarda barabar. Suw ýetmezçiligini ölçeýän Falkenmark guralynyň görkezmesine görä, ýurtlarda ýa-da sebitlerde geçirilen anyklamalar esasynda, haçanda ýyllyk suwuň derejesi her bir adam üçin 1700 kub meterden pese düşen ýagdaýynda ilat suw ýetmezçiligine sezewar bolýar. Haçanda ýyllyk suw 1700-den 1000 kub metr derejä düşen ýagdaýynda wagtlaýyn ýa-da tebigy suw ýetmezçiligine garaşmak mümkin. Ýurdyň içinde ýyllyk suw mukdary 1000 kub metrden pese düşen ýagdaýynda halk suw ýetmezçiligine duçar bolmagy mümkin. 2006 ýylda 43 döwletde ortaça 700 milliona golaý adam suw mukdarynyň 1700 kub metrden pes derejesinde ýaşadylar[19]. Hytaý, Hindistan we Afrikanyň günortasyndan Sahara çenli sebitlerdäki ilatlar suw ýetmezçiliginden kösençlik çekýärler. Ýer ýüzünde suw resurslarynyň in pes derejesi planetanyň günorta taraplary diýip hasap edilýär. Ol ýerlerde her adam üçin ýyllyk suw derjesi ortaça 1200 kub metre barabar bolup durýar. Hytaýda 538 miliondan gowrak ilat suw ýetmezçiligine sezewar bolýan sebitlerde ýaşaýarlar. Häzirki wagytda derýalaryň ýa-da basseýinleriň golaýynda ýaşaýan adamlar suw çeşmelerini ýokary derjede ulanmaklyk arkaly suw ýetmezçiliginiň derejesini ýokarlandyrýarlar[26].
Howanyň üýtgemegi
düzetHünärmenleriň garamagyna görä, tebigatyň üýtgeýänligi sebäpli, elýeterli süýji suwly çeşmeleriň sany azalýar. Tebigatyň üýtgemekligi buzluklaryň çekilmegine, ýaplaryň we derýa akymlarynyň azalmagyna şeýle hem kölleriň we howdanlaryň kiçelmegine getirdi. Birnäçe ýerasty suwlar aşa köp sorulyp alnan we wagty bilen ýerleri dolmaýarlar. Senagat we oba hojalygynda süýji suwlaryň çeşmesiniň ählisi sarp edilmesede, birnäçesi hapalandy, duzlaşdy, ýaramsyzlandy ýa-da agyz suwy üçin ýaramsyz boldy. Haçan-da senagatda we şäherlerde global suw ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin suwy has netijeli ulanmagyň usulyny gözleýärkäler, fermerler iýmit üçin bildirilýän ösüp barýan talaby kanagatlandyrmak üçin hökmany suratda önümliligi ösdürmäge çalyşmaly bolarlar[15].
«Nýu Ýork taým» gazetiniň «Günorta – Gündogar gurakçylyk barlaglaryna görä suw ýetmezçiligi Global Gyzmaklyk bilen däl-de adam sany bilen bagly» atly makalasynda Kalumbiýa Uniwesitetiniň 2005-nji we 2007-nji ýyllar aralygynda Amerkanyň günorta – gündogar gurakçylyk meselesi boýunça edilen açyşlaryň netijeleri jemlenýär. Bu açyşlar Klimat žurnalynda hem çap edildi we şeýle diýilýär ”Suw ýetmezçiligine ýagyşdan hem beter ilat sany sebäp boldy”[27]. Ilat ýazuwynyň berýän maglumatyna göra Gruziýanyň ilatynyň sany 1990-njy we 2007-nji ýyllar aralygynda 6,48 milliondan 9,54 milliona çenli artdy. Howa abzallarynyň maglumatlaryny öwrenenlerinden soňra, kompýuter nusgalaryny we agaç halkalarynyň ölçemeleriniň kömegi bilen gurakçylygyň öň görülmedik hadysa däldigini we ýönekeý klimat nusgalarnyň netijesidigini hem-de tötanleýin howa hadysasydygyny ýüze çykardylar. «Şunuň ýaly gurakçylyklar soňky müň ýyllyklaryň dowamynda gaýtalandy», derňew geçirijileriň ýazmagyna görä «howanyň üýtgemegine garamazdan geljekde şuňa meňzeş howa şertlerine we şunyň ýaly netijelere garaşmak bolar». Temperaturanyň ýokarlanmagy bilen Günorta-Gündogarda ýagşyň ýagmagy artar, ýöne bugarmanyň netijesinde ýerleriň hasam guraklaşmagy mümkin. Derňew geçirijileriň gelen netijesinde şeýle diýilýär «Islendik möçberdäki ýagyş atmosferadaky içerki çylşyrymly hadysa sebäpli bolup geçýär hem-de, ýygy-ýygydan üýtgäp durýanlygy sebäpli olar barada öňünden habar bermek örän kyn»[28].
Suw gytçylygy
düzetHaçan-da ýerli ýaşaýjylar üçin agyz suw ýeterlik derejede bolmadyk ýagdaýynda, suw ýetmezçilik howpy döreýär. Birleşen Milletler Guramasy we dünýäniň beýleki guramalary global suw ýetmezçiliginiň dürli sebäplerini göz öňünde tutýarlar. Bulardan başgada Azyk we Oba-Hojalyk guramalary suw ýetmezçiliginiň ýokdygyny nygtaýarlar, şeýle-de bolsa, bu meseläniň oňüni almak üçin degişli çäreleriň görülmegi zerurdyr[29].
Suw ýetmezçiliginiň täsiri
düzetSuw ýetmezçiliginiň ýüze çykmagynyň birnäçe eseslary bar:
- Takmynan 885 million adamyň ýaramly agyz suwyna bolan mümkinçiliginiň ýeterlik derejede ýoklygy;
- 2,5 milliard adam üçin sanitariýanyň ýeterlik derejede däldigi, köplenç suwyň hapalanmagyna getirýär;
- Ýerasty suwlaryň guramagy (çendenaşa ulanylmaklygy zerarly) oba hojalygynyň hasyllylygynyň peselmegine getirýär;
- Suw resurslarynyň çendenaşa ulanmaklyky we hapalanmaklygy biodürlülige uly zeper ýetirýär;
- Suw resurslarynyň ýetmezçiligi üstünde bolýan sebitleýin dawalar kä-wagtlar urşlaryň bolmagyna getirýär[30].
Sanitariýanyň we gigiýenanyň yoklygy sebäpli suwdan geçýän keseller ýer ýüzünde adamlaryň heläk bolmagynyň baş sebäpleriniň biri bolup durýar. Bäş ýaşa çenli çagalaryň heläkçilige uçramagynyň esasy sebäbi suwdan geçýän kesellerdir. Bütündünýä bankynyň görkezmesine göra, suw bilen baglanşykly keselleriň 88 prosendine içmek üçin ýaramsyz bolan suwyň içilmegi, sanitariýa şertleriniň talabalaýyk däldigi hem-da gigiýenanyň ýaramazlygy sebäp bolýar[26].
Suw – bu arassa suw üpjünçilik deňagramlygynyň esasy gowşak tarapydyr, emma gözegçilik edip bolaýjak faktorlary hem bar, bulara suw üpjünçiligini dolandyrma we paýlaşdyrma ýaly çäreler degişlidir, bu çäreler geljekde suw ýetmezçiliginiň öňüni almaga ýardam berer[17].
Birleşen Milletler Guramasynyň 2006-njy ýylynda beren habarlaryna görä, suw ýetmezçiliginiň dolanşygynyň esaslary ýaly meselelere esasy üns berilýär, munda şeýle diýilýär: «suw hemmeler üçin ýeterlik» emma «suwyň ýetmezçiligi köplenç suwuň ters dolanşygyna, parahorlyga ýaly degişli guramalaryň ýoklugy, adam ukybyna we fiziki infrastrukturasyna goýulýan maýa goýumlarynyň ýetmezçiligi sebäp bolýar»[9].
Ilki bilen ykdysadyýetçileriň bellemegine görä suw meselesine degişli ýagdaýlar hususyýetçilik hukugynyň, hökümet sazlaşygynyň we suw edaralarynyň bölümçelerine edilýän pul kömeginiň ýoklygy sebäpli döredi, bu ýagdaýlar bolsa bahalaryň örän aşak düşüp we sarp edilmäniň diýseň ýokarlanmagyna getirýär[25].
Aslynda ösümlik dünýäsi we ýawany tebigat gönüden-göni arassa suw çeşmelerine garaşlydyrlar. Batgalyklaryň, ýaplaryň we derýalaryň kenarlary durnukly suw üpjünçiligine mätäçligi has aýdyň, emma tokaýlar we beýleki ekosistema taýdan ýokary bolan ýerler hem, suw ýetmezçiligi zerarly beýlekiler bilen deň hatarda önümliliginiň epesli peselmek howpy döretýär. Adamlaryň sanynyň köpelmeligi zerarly iýmitlenmek we jaý gurmak maksady bilen suwly ýerler ýabany tebigatdan ýeňillik bilen alyndy[31]. Emma beýleki sebitlerde ýokary suw akym çeşmelerini adamlaryň ulanýandygy üçin, kem-kemden arassa suw akymlarynyň kemelýändigi zerarly önümliliginiň peselýändigini görmek bolýar. Amerikanyň birnäçe ştatlarynda haçan-da Kongress «arassa ýitgi ýok» («no net loss») diýen şygar bilen suwly batgalyklary ulanmak üçin işe girişende 1980–nji ýyla çenli 80 prosentden gowrak taryhy suwly batgalyklar eýelendi[10].
Ýewropada batgalyklaryň giňişleýin ýitgisi biodürliligiň ýitmegne getirdi. Mysal üçin, Şotlandiýada bir näçe batgalyklar ilat sanynyň köpelmegi bilen kemeldi. Muňa Aberdinşirdäki Portleten Moss aýdyň şaýatlyk etýär[32].
Madakasgar daglarynyň üsti tekiz belentliklerindäki tokaýlarynyň ýok edilmegi, gyrmançalaşma (gyrmanç basma) we günbatar derýalarynyň akymlarynyň durnuksyzlanmagyna getirdi. Madagaskar daglarynyň üsti tekiz belentliklerinde bütinleý üýtgeşme bolup geçdi, bu bolsa 1970-nji ýyldan 2000-nji ýyllar aralygynda bütin tokaý ösümliklerini ýok etdi. Tokaýlary ýakyp ýerini ekişe taýýarlamak ýurdyň umumy biomassasynyň 10%-ne golaýyny ýok etdi hem-de önümsiz boş ýerlere öwürdi[33]. Bu netijeler ilat sanynyň artykmaçlygy we pukara ýerli halklary naharlamak zerurlygy sebäpli boldy, ýöne bu ýaramaz netijeler jarlaryň eroziýasynyň giňden ýaýramagynyda öz içine alýar, bu bolsa öz gezeginde tokaýyň ýok edilenden onlarça ýyl geçenden soňra derýalaryň erbet gyrmançalaşmagyna (bulanmagyna) getirdi. Bu bolsa uly göwrümli ýaramly agyz suwyny ýok etdi, şeýle hem birnäçe günbatardan akýan uly derýalarynyň, derýa ekosistemasynyň uly göwrümini ýok etdi. Balyklaryň birnäçe görnüşleri ýitip ýok bolmagynyň bäri ýanyna getirdi, emme birnäçesi bolsa, meselem, Hindi okeanyndaky gozgalan merjen şekilli rifi Tokiolar hakykatdanda ýitdiler. 2008–nji ýylyň oktýabrynda Piter Brabek-Letmate öňki Nestlé kompaniýasynyň direktornyň wezipesini ýerine ýetirjisiniň duýdurmagyna görä, bioýangyç (biotopliwa) önümçiligi mundan beýläkde dünýäde suw üpjüçiligini has-da kemelder[34].
Sebitlerde krizis zerarly ejir çekmeler
düzetDünýäde başgada birnäçe döwletler, adam saglygynyň we ýaramsyz agyz suwlarynyň täsiri netijesinde erbet ejir çekdiler. Aşakdaky görkezilen ýurtlaryň ilatynyň uly möçberi suwyň hapalanmagyndan ejir çekýärler:[35]
- Sudan (12,3 million)
- Wenesuela (5,0 million)
- Efiopiýa (2,7 million)
- Tunis (2,1 million)
- Kuba (1,3 million)[36]
Suw ýetmezçiligi eýýäm bir näçe kiçi ýurtlarda köp möçberde dänäni import etmägä mejbur etýär, ýakyn wagtda bu ýagdaý Hytaý we Hindistan ýaly uly ýurtlarda hem gaýtalanyp biler. Ýerasty suwlaryň derejesi köp ýurtlarda (demirazyk Hytaýy, ABŞ-ny we Hindistany hem öz içine alýar) giň masştablaýyn ýangyç we elektrik suw soryjylarynyny ulanyp suwyň aşa sorylmagy zerarly aşak düşýär. Päkistan, Yrak we Meksika ejir çekýän ýurtlaryň hataryna girýär. Bu bolsa suw ýetmezçiligine we däne önümleriniň hasyllylygynyň kemelmegine getirer. Hatda suw gatlaklary täzeden doldurlanda-da, Hytaýda däne ýetmezçiligi ösýär[23]. Eger-de bu ýagdaý ýüze çykaýsa, onda gürrüňsiz dänäniň bahasyny ýokarlandyrar. Çaklamalara görä, 21 asyryň ortasyna çenli ýer ýüzinde adamlayň 3 milliartdan gowragy, eýýäm suw ýetmezçiliginden ejir çekýän ýurtlarda dogularlar. Eger-de ilat sanynyň ösüşüni tiz wagtda peseltmesen, onda suw ýetmezçiligi ösýän ýurtlarda bu meseläniň praktiki taýdan zorluksyz we adamkärçilikli çözgüdiň bolmazlygyndan gorkulýar.
Hytaý we Hindistandan soňra suw ýetmezçiligi duýulýan kiçi ýurtlar bar, olara – Alžir, Müsür, Eýran, Meksika, we Päkistan degişlidir[30].
BMG-nyň howa maglumatlarynyň çaklamalaryna görä, Gimolaý buzlyklary Aziýanyň iň uly derýalarynyň çeşmesi bolup durýar. Howanyň derejesiniň ýokarlanmagy bilen 2035–nji ýyla çenli Ganga, Inda, Brahmaputry, Ýanzy, Mekonga, Salwina we Sary derýalarynyň ýitmegi mümkin. BMG–nyň howa baradaky beren maglumatynda, ulanylan çeşmesinde hakykatda 2035 däl-de 2350 ýyl görkezlen diýip soňra anyklandy[17]. Çen bilen Gimolaý derýalarynyň suw toplaýyş howuzlarynda 2,4 milliard adam ýaşaýar. Hindistan, Hytaý, Päkistan, Bangladeş, Nepal we Mýanmar ýakyn geljekki onýyllyklaryň dowamynda boljak gurakçylyk sebäpli silleri başdan geçirmekleri mümkin. Hindistanda diňe Ganga derýasy 500 milliondan gowrak adamy agyz suwy we ekerançylyk üçin gerek bolan suw bilen üpjün etýär. Demirgazyk Amerikanyň günbatar kenary öz suwlarynyň esasy bölegini dag gerişlerinden alýarlar şeýle-de Gaýaly Daglar we Serra-Newada ýaly daglara hem täsiri ýeter[26].
Elbetde, Awstraliýanyň iň uly bölegi çöllük ýa-da ýarym gurak ýerler, az ýaşaýjyly sebit ady bilen giňden belli. 2008–nji ýylyň iýun aýynda barlag toparynyň duýdyrmagyna göra, eger-de oktýabr aýyna çenli Mýurreý-Darling (Murray-Darling) basseýini ýeterlik derejede suw kabul etmese onda oňa uzak möhletleýin, mümkin üýtgedip bolmajak çynlakaý ekologik zeper ýeter. Häzirki wagtda Awstraliýanyň köp etraplarynda we şäherlerinde gurakçylyk zerarly dörän birsyhly gaýtalanyp durýan suw ýetmezçiligi sebäpli suwa çäklendirme girizildi. 2007–nji ýylda ýylyň gahrymany (Awstraliýanyň) bolan awstraliýaly ekolog Tim Flanneriniň çaklamasy boýunça, eger-de bu ýagdaý üýtgemese, onda, Awstraliýanyň günbatarynda ýerleşýän Pert dünýäde ilkinji açyk megapolýus bolar, öz ilatyny suw bilen üpjin edip bilmanligi sebäpli zyňylan şähere öwrüler[37]. Her näme-de bolsa 2000-nji we 2009–njy ýyllar aralygynda günbatar Awstraliýanyň bentleri ilkinji gezek 50% kuwwatlylygyna ýetdi. Netijede agyr ýagyşlar sebitler üçin özüniň oňyn täsirini ýetirdi. Şeýle-de bolsa geljekki 2010–njy ýylda Pert ikinji gezek rekortlar derejesinde gurak gelen gyş zerarly ejir çekdi, we suw korparasiýasy, şol ýylyň ýazynda suwa bolan çäklendirmesini ýene-de gysdy[38].
Çaklamalar
düzetAkdyrylýan hapa suwlary arassalaýjy enjamlarynyň gurluşygy we ýerasty suwlaryň çekilmeginiň öňüni almak, göraýmäge dünýä derejesindäki meseleleriň çözgüdi ýaly; şeýle-de bolsa has siňe seretsek bu oýunda has düýpli meseleleriň üsti açylýar. Akdyrylýan hapa suwlary arassalaýyş işleri uly möçberde pul talap etýändigi birnäçe sebitlerde bu tehnalogiýa bolan mümkinçiligi çäklendirýär; mundan başgada, köp ýurtlarda ilat sanynyň tiz artmaklygy bu ýaryşda ýeňişi hasda kynlaşdyrýar[39]. Eger-de bu faktorlar beýle kyn bolmadyk ýagdaýynda hem, hatda, ol enjamlar şowly oýlanyp tapylan ýagdaýynda-da, akdyrylýan hapa suwlary arassalaýjy enjamlary gurnamak üçin uly çykdaýjynyň we ussatlygyň zerulygyny hökmany suratda göz öňünde tutmalydyrys[30].
Ýerasty suwlaryň aşa çekilmekligi adatça syýasy taýdan giňden ýaýran däl, emma fermerler üçin ykdysdy taýdan uly zeper ýetirip biler. Mundan başgada bu strategiýa gutulgysyz hasyllylygy peselder, ýerşary şol wagtda üstünde bar bolan ilaty kynlyk bilen eklär[24].
Hakykatdan-da ösüp barýan ýurtlar ilkinji bolup akdyrylýan hapa suwlary arassalamaga we septik düzgüne geçmäge, hem-de akdyrylýan hapa suwlaryň ugruny sowujy gurluşy üns bilen derňew edip, olaryň agyz suwyna we ekosistema edýän täsirini iň az derejä getirmäge çalşyşýarlar[19].
Ösen ýurtlar diňe ösen tehnologiýalary paýlaşmany ussatlyk bilen başarman, eýsem (şol sanda peýdaly suw we akdyrylýan hapa suwlary arassalaýan sistemany hem öz içine alýar) gidrologik transportlaryny taýýarlamakda hem ussatdyrlar. Özbaşdaklyk derejesinde, ösen ýurtlarda adamlar içgin seredip çenden aşa sarp edilmäni azaltmany başarýarlar, bu bolsa gitdigiçe bütin dünýäde suwyň sarp edilmegini kemeltýär. Ösen hem ösüp barýan ýurtlaryň ikiside ekosistemanyň goragyny güýçlendirip bilerler, aýratyn hem suwly batgalyklary hem-de kenarýaka zoloklaryny[21].
Ýerli ýönekeý tehnalogiýalaryň çözgüdini kompaniýalaryň birnäçesi gözleýär. Bu tagallalar gün energiýasyny suwuň gaýnaýan temperaturasyndan bir az pes tempraturada suwy buga öwürmek üçin ulanmaga gönükdirlen. Islendik elýeter suw çeşmelerini arassalamak üçin mümkinçilikleri döretmek bilen, täze tehnalogiýalaryň özleşdirilmesini tizleşdirip, olaryň hasabyna ýerli biznes-modelleri (telekeçiligiň çäginde ulanmak üçin nusga) gurlyp bilner[40]. Meselem, Müsüriň Dahab şäherinde çarwa araplar, islendik ýerli suw çeşmaleri güniň dowamynda 40-dan 60 litre çenli gaýtadan işlemek üçin gün ýylylygyny ulanýan, kollektorynyň ölçegi iki kwadrat metre den bolan «Water Stellar Aqua Danial» gurnadylar. Bu bolsa bäş esse adaty kadyrlardan has netijeli hem-de plastik çüýşeleriniň hapalanmagynyň we suwlaryň daşalmagynyň zeruelygyny aradan aýyrýar[41].
Suw ýetmezçiligini dolandyrmakda global tejribeler
düzetEger-de howdanlarda özgermeleriň depgini, guramanyň şol özgermeleriň üstüni ýapmak mümkinçiliginden ýokarlansa, onda dawalaryň ähtimallygy ýokarlanar diýip tassyklanylýar. Muňa garamazdan suw ýetmezçiligi, sebitleýin dartgynlylyk bilen berk baglanşyklydyr, taryhda görşümiz ýaly suw üstünde bolýan ýiti dawalar, hyzmatdaşlyk barada berilýän hasabatdan has azdyr[17].
Güýçli institutlar we hyzmatdaşlyk iň esasy ýagdaýlaryň biridir. Inda derýasy boýunça iş topary we Inda derýasynyň suw resurslary boýunça şertnama Hindistanyň we Päkistanyň arasynda bolan iki urşy başyndan geçirdi, olaryň duşmançylygyna garamazdan konsultasiýalary geçirmek we maglumatlary alyş çalyş etmek konfliktleri çözmekde şowly mehanizm bolup hyzmat etdi[4]. Şeýlede Mekonganyň komiteti 1957–nji ýyldan bäri işleýär we Wýetnamdaky urşy başyndan geçirdi. Mundan başgada haçanda sebitleýin bileleşigiň hyzmatdaşlygynda inistitutlaryň bolmadyk ýagdaýynda, sebitleýin durnuksyzlyk ýüze çykýar, muňa Müsüriň Nil derýasynda gurjak beýik bendiniň meýilnamasy mysal bolup biler. Emma hazirki wagtda daşary ýurtdan gelýän suw çeşmelerini ugrukdyrmak we dolandyrmak üçin global guramalar ýok, ýöne halkara gatnaşyklar guramalaryň arasyndaky ýörite gatnaşyklar sebäpli bolup geçdi, meselem, Mekonga Komiteti «UNICEF» (BMG–nyň çagalary goramak üçin adatdan daşardaky fondy) we ABŞ–nyň meliorasiýa Edarsynyň arasyndaky birleleşik esasynda döredi[9]. Güýçli halkara institutlary döretmek göräýmäge öňe gitmegiň bir ýoly ýaly, emma olar dawalary çözmek üçin gymmat bahaly prosesleriň öňüni almak bilen öňünden garyşmaklyga we dolandyrylşyga itergi berýärler[10].
Ähli çözülen dawalaryň özboluşly aýratynlyklarynyň biri hem haçanda gepleşikler geçirlende «hukuk esasynda» däl-de «zerurlyk esasyndaky» paradigma boýunça geçirlipdi. Halkyň suwarymly ýerleriniň esasy maksady «zerurlyklary» takyklamakdyr. Zerurlyk esasyndaky paradigmalaryň üstünligini Iordaniýanyň derýa basseýinlerinde öňde soňda baglaşylan suw baradaky ylalaşyklarda görmek bolýar, sebäbi bu ylalaşyk kenarýaka döwletleriň hukuklaryna däl-de zerurlyklara gönükdirilendi. Hindistanyň subkontinentinde, Bangladeşiň suwaryşa bolan talaby Ganga derýasynyň suwynyň paýlanşyny kesgitleýär. Zerurlyklar iň esasy zat bolan sebitleriň urgulary, iň az mukdarda zerurlyk bilen üpjün edip adamlaryň suwa bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa haçanda ýurtlar şertnama, suwy we onuň bähbidini deň paýlaýan ikitaraplaýyn oňaýly bähbide seretmän, milli bähbidi nukdaýnazardan seredenlerinde döreýän dawalary aradan aýyrýar[42].
«Mawy parahatçylyk» baş ýörelgesini Şwesariýanyň we Şwesiýanyň hökümetleriniň hyzmatdaşlygy esasynda, strategik çaklaýyş topary döretdi. Bu baş ýörelge dünýä ähmiýetli hyzmatdaşlygyň goşulyşmasy esasynda durnukly suw resurslaryny dolandyrmaga ukyply bolan strategik ýeke-täk gurluşy hödürleýär. Ýurtlaryň arasynda suw resurslaryny ýöne paýlaşman, suw resurslarynyň uly bölegini hyzmatdaşlyk arkaly paýlaşsaň, parahatçylyga bolan mümkinçilik ýokarlanyp biler[43].
Salgylanmalar
düzet- ↑ 1.0 1.1 "Merkezi Aziýa: Suw ylalaşygy mümkin". iwpr.net.
- ↑ 2.0 2.1 2.2 http://www.fao.org/docrep/016/i3015e/i3015e.pdf
- ↑ 3.0 3.1 "Water crises are a top global risk". World Economic Forum.
- ↑ 4.0 4.1 4.2 "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2017-07-16. Retrieved 2018-11-18.
- ↑ "Suw ýetmezçiligi sebäpli 600 million çaga ölüm we hassalyk howpy bilen ýaşar | TRT Türkmençe". www.trt.net.tr.
- ↑ 6.0 6.1 6.2 "Global Water Shortage Risk Is Worse Than Scientists Thought". HuffPost. 15 few 2016. Check date values in:
|date=
(help) - ↑ 7.0 7.1 "Arhiw nusgasy" (PDF). Archived from the original (PDF) on 2019-04-12. Retrieved 2018-11-18.
- ↑ 8.0 8.1 8.2 http://web.unep.org/northamerica/news/2016/half-world-face-severe-water-stress-2030-unless-water-use-decoupled-economic-growth-says[permanent dead link]
- ↑ 9.0 9.1 9.2 9.3 https://www.unicef.org/media/media_53234.html[permanent dead link]
- ↑ 10.0 10.1 10.2 10.3 10.4 "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2016-09-16. Retrieved 2018-11-18.
- ↑ "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2018-11-21. Retrieved 2018-11-18.
- ↑ "TÜRKMEN WEKILIÝETI BMG-DE SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMY BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNA GATNAŞDY | MAZARI ŞERIP, OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY". mazari.tmconsulate.gov.tm.
- ↑ 13.0 13.1 13.2 "MÜŇÝYLLYKLARYŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY | Syýasat". Türkmenistanyň, internet portaly.
- ↑ "Birleşen Milletler Guramasy (BMG)". Gollanma. 6 noý 2011. Check date values in:
|date=
(help) - ↑ 15.0 15.1 "Water". World Bank.
- ↑ 16.0 16.1 "Glaciers Are Melting Faster Than Expected, UN Reports". ScienceDaily.
- ↑ 17.0 17.1 17.2 17.3 "Land & Water | Land & Water | Food and Agriculture Organization of the United Nations | FAO | Food and Agriculture Organization of the United Nations". www.fao.org.
- ↑ "Dams at record levels". 15 sen 2009 – via www.abc.net.au. Check date values in:
|date=
(help) - ↑ 19.0 19.1 19.2 "People & the Planet > climate change > newsfile > big melt threatens millions, says un". web.archive.org. 15 few 2009. Archived from the original on 2007-08-19. Retrieved 2018-11-18. Check date values in:
|date=
(help) - ↑ "More winter blues as rainfall dries up". 31 awg 2010 – via www.abc.net.au. Check date values in:
|date=
(help) - ↑ 21.0 21.1 "Books". www.iwmi.cgiar.org.
- ↑ http://unesdoc.unesco.org/images/0014/001444/144409E.pdf
- ↑ 23.0 23.1 "All About: Water and Health - CNN.com". edition.cnn.com. Archived from the original on 2017-10-23. Retrieved 2018-11-18.
- ↑ 24.0 24.1 "Arhiw nusgasy" (PDF). Archived from the original (PDF) on 2018-12-06. Retrieved 2018-11-18.
- ↑ 25.0 25.1 "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2020-03-13. Retrieved 2018-11-18.
- ↑ 26.0 26.1 26.2 "Public services | Gapminder".
- ↑ Sengupta, Somini (18 ýan 2018). "Warming, Water Crisis, Then Unrest: How Iran Fits an Alarming Pattern" – via NYTimes.com. Check date values in:
|date=
(help) - ↑ "Opinion | A Water Crisis From Climate Change". 16 few 2018 – via NYTimes.com. Check date values in:
|date=
(help) - ↑ "Earth Policy Institute Book Bytes - Water Scarcity Crossing National Borders". web.archive.org. 31 mart 2009. Archived from the original on 2009-03-31. Retrieved 2018-11-18. Check date values in:
|date=
(help) - ↑ 30.0 30.1 30.2 "Strategic Foresight Group - Anticipating and Influencing Global Future" (PDF). www.strategicforesight.com.
- ↑ "Himalaya glaciers melt unnoticed". 10 noý 2004 – via news.bbc.co.uk. Check date values in:
|date=
(help) - ↑ "Water Corporation". web.archive.org. 23 few 2011. Archived from the original on 2011-02-23. Retrieved 2018-11-18. Check date values in:
|date=
(help) - ↑ "NRDC: The United Nations World Summit on Sustainable Development - Safe Water and Sanitation for the Developing World". web.archive.org. 3 iýun 2006. Archived from the original on 2006-06-03. Retrieved 2018-11-18. Check date values in:
|date=
(help) - ↑ "Arhiw nusgasy" (PDF). Archived from the original (PDF) on 2013-10-16. Retrieved 2018-11-18.
- ↑ "Home". World's Water.
- ↑ https://www.unenvironment.org/geo/GEO2000/pdfs/ov-e.pdf[permanent dead link]
- ↑ "Australian rivers 'face disaster'". 18 iýun 2008 – via news.bbc.co.uk. Check date values in:
|date=
(help) - ↑ "Metropolis strives to meet its thirst". 3 maý 2007 – via news.bbc.co.uk. Check date values in:
|date=
(help) - ↑ "Global Water Shortages May Lead to Food Shortages--Aquifer Depletion". Archived from the original on 2007-07-04. Retrieved 2018-11-18.
- ↑ "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2013-05-15. Retrieved 2018-11-18.
- ↑ "Water Purifier Dealers in Alandur, Chennai". www.sulekha.com.
- ↑ "There Is No Limit Foundation". www.thereisnolimitfoundation.org.
- ↑ "Blue Peace: New Solution for Averting Water Wars in the Nile Basin - Yahoo Finance". web.archive.org. 28 sen 2013. Archived from the original on 2013-09-28. Retrieved 2018-11-18. Check date values in:
|date=
(help)