Rowaýata görä, Walentina Gadymy Rim imperiýasynda ýaşap geçen , takyk ylymlar bilen gyzyklanan, lukman , ruhany bolupdyr.

Onun ýaşan döwüri KlawdiýII hökümdarlyk eden döwrüne gabat gelipdir. Ol goşuna gaty jogapkärçilik bn garap, legionerlere öýlenmegi gadagan edipdir. Sebäbi öýlenensoňlar maşgala aladalary esgerleriň ünsüni sowýamyşyn. Legionerlerin bagtyna Walentin atly ruhany bolupdyr. Ol aşyklara gizlinlikde nika gyýypdyr we hökümdaryň gazabyndan çekinmändir.

Ýerin astynda ýylan gäwşesede bilinýär diýilişi ýaly hökümdara bu syryň üsti açylypdyr. Ol Walentiny jezalandyrmak barada kanun çykarypdyr. Jezalandyrylmasyndan öñ ol zyndanda bolupdyr we zyndan gözegçisiniň gyzyna aşyk bolupdyr. Ýöne onuň ruhany bolmagy söýgüsini mälim etmeklige mümkinçilik bermändir. Şeýlede bolsa ol ölüminiň öñ ýany 13nji fewralda söýgülisine hat ýazypdyr we ol hat ölüminden soň gyza gowşurylmagyny gazanypdyr.

496-njy ýylda papa Gelasius 14 fewraly Keramatly Walentin güni diýip yglan edipdir.

Ilkinji Walentinkalar Orlean gercogy Çarl'za degişli hasaplanylýar.Ol 1415 yylda tussaglykda oturan döwründe öz aýalyna dürli süýji sözli söýgi hatlaryny ugradypdyr.

Häzirki döwürde walentinkalar köplenç anonim häsiýete eýedir. Walentinka berilen adamyň özi bilmeli walentinkanyň kimdendigini.

Bu baýramçylykda ýürejik şekilli otkrytkalary, walentinkalary, şokoladdyr dürli görnüşdäki süýjieri, iki sany guşjagazyň , ve Kupeýdonyň şekiljigi bolan nyşanjyklar sowgat berilýär...

  NODES